Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylara, çeper elli halyçy gelin-gyzlarymyza, halyşynaslara iberen çuňňur manyly Gutlagyňyz, türkmen halysynyň taryhyny öwrenmek, naýbaşy sungatymyzy geljek nesillere mynasyp görnüşde ýetirmek barada özara pikir alyşmak babatda beren goldawyňyz üçin Size tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Siziň janyňyz sag, belent başyňyz aman bolsun, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiz hemişe rowaçlyklara beslensin!
Hormatly Prezidentimiz!
Merdana halkymyzyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan naýbaşy gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen halysynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly hormat-sarpa eýe bolmagy ählimizi buýsandyrýar. Munuň özi gadymy senedi kämil sungat derejesine ýetiren çeper elli zenanlarymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän mizemez mirasyna belent hormaty äşgär edýär. Siziň berýän goldawlaryňyz, döredýän şertleriňiz gymmatly mirasymyzy içgin öwrenmäge, ony has-da kämilleşdirmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri açýar.
Türkmen halysynyň taryhynyň müňýyllyklardan gözbaş alýandygyna köp sanly ylmy maglumatlar, dünýäniň meşhur muzeýlerinde goralyp saklanýan halylaryň we haly önümleriniň nusgalary, taryhçylaryň, syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan haly önümleridir beýleki maglumatlar doly şaýatlyk edýär. Türkmen halyçylyk senediniň sungat derejesine çenli geçen ýoly düýpli we ylmy esasda öwrenilmäge mynasypdyr. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi gadymy senediň şan-şöhratyny has-da beýgeltdi. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýokary derejede geçirilen haly we haly önümleriniň sergisi, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi hem milli gymmatlygymyzyň ajaýyp nusgasyny toplumlaýyn öwrenmek, ösdürmek we geljek nesillere ýetirmek babatda pikir alyşmakda, tejribeleri baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uly ruhubelentlige, şatlykly dabaralara beslenen Türkmen halysynyň baýramy täze taryhy döwürde halkymyzyň gadymy sungatyna goýulýan belent hormatyň, çeper elli halyçylarymyzyň zähmetine berilýän ýokary bahanyň nyşanyna öwrüldi. Asylly däbe görä, her ýyl baýramçylyk mynasybetli, Siziň Permanyňyza laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen halylaryň gaýtalanmajak gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, ýurdumyzyň ussat halyçylaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylmagy bizi çäksiz buýsandyrýar. Şeýle hormatly ada mynasyp bolan göreldeli halyçy zenanlarymyzyň arasynda Siziň käbäňiziň — Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň hem bolmagy biziň üçin belent mertebedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halylarynyň gaýtalanmajak gözelliginden söhbet açyp, milli sungatymyzyň gadymy ýörelgeleri barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplary halyçylar hem-de halyşynaslar üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Şanly ýylda ýokary derejede bellenilen Türkmen halysynyň baýramy, haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri giňden açyp görkezmäge mümkinçilik berdi. Türkmen halysynyň milli muzeýinde guralan sergä gatnaşyjylar çeper elli halyçylaryň dokan nepis halylary, täsin haly önümleri, milli lybaslary, amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen içgin tanyşmaga, gaýtalanmajak gözelligiň dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik aldylar. Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşyjylar ajaýyp sungatyň taryhy kökleri, naýbaşy halylaryň dokalyş usullary, haly üçin zerur bolan çig malyň işlenip taýýarlanylyşy, bu ugurda häzirki zaman çemeleşmeleri bilen bagly giň mazmunly çykyşlary diňlediler.
Hormatly Prezidentimiz!
Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen halyçylyk sungatynyň dünýädäki meşhurlygyny has-da artdyrmak babatda giň mümkinçilikleri döredip, ajaýyp halylarymyza goýýan belent sarpaňyz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent, döwletli işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylar.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank