Jemgyýetiň ösüşinde ýaşuly nesliň durmuş tejribesini goldanyp
Aşgabat, 26-njy maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijeleri we ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň abadançylygyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda ýaşulularyň ilat arasynda alyp barýan işlerine möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek.
Gahryman Arkadagymyz Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisinde onuň gün tertibine girizilen meseleler boýunça çykyş etdi.
Milli Liderimiz, ilki bilen, Ýaşulular mejlisine gatnaşyjylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän, belent ahlak gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwerligi dabaralandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. “Goý, Gurban baýramy günlerinde okaljak aýat-töwirler, ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy şu gün Ýaşulular geňeşinde ýerine ýetirilmeli işleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýdyp, ýaşulular bilen duşuşyp, hal-ahwal soraşyp, halkymyzyň hal-ýagdaýy barada pikir alyşmak, ýerlerde ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleri wagyz-nesihat etmek babatda alnyp barylýan işler, obadyr şäherleriň ýagdaýy barada söhbetdeş bolmakçydygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyz mejlisiň gün tertibine laýyklykda, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleri wagyz-nesihat etmek, ýerlerde ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaş we köp çagaly maşgalalara, mümkinçiligi çäkli çagalara hemaýat bermek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna we beýleki meselelere serediljekdigini aýtdy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze döwrüň möhüm wezipelerinden ugur alyp, ähli tagallalarymyzy, gujur-gaýratymyzy, döredijilikli başlangyçlarymyzy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirdik. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwlet hökmünde dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar» diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup durýar. Halk Maslahaty döwlet ähmiýetli wezipeleri amala aşyrmaga, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge ýakyndan gatnaşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermek boýunça degişli işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Arkadagymyz Halk Maslahatynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň işine uly ähmiýet berilýändigini belläp, degişli Düzgünnama laýyklykda, Ýaşulular geňeşiniň döwlet ähmiýetli soraglary çözmekde geňeşçi-maslahat beriji topar bolup durýandygyna ünsi çekdi. Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň wagyz-nesihat etmek, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi goldamak babatda ýerlerde alyp barýan işleri, ýaş we köp çagaly maşgalalara, mümkinçiligi çäkli çagalara hemaýat bermek boýunça geçirýän çäreleri agzybirligimizi pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge ýardam edýär.
“Häzirki döwürde mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada döwletimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. Döwletimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler ykdysadyýetimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmäge hem-de ägirt uly ösüşleri gazanmaga, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Mähriban halkymyzyň abadançylygy üçin durmuşa geçirilýän işlerde Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň aýratyn ähmiýetli orny bardyr.
Gahryman Arkadagymyz mejlisiň gün tertibiniň birinji meselesi bolan ýerlerde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan işleri wagyz-nesihat etmek babatda alnyp barylýan işler barada çykyş etmek üçin Ýaşulular geňeşiniň agzalaryna söz berdi.
Mejlisde Aşgabat şäherine wekilçilik edýän ýaşuly I.Saparlyýew çykyş etdi. Ol, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy we hemmeleri mukaddes Gurban baýramy, giňden bellenilen Aşgabat şäheriniň güni, “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli gutlady.
Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan asylly we ynsanperwer ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde işjeň ösdürilýär we dowamata atarylýar. Halkymyzyň döreden ýagşy dessurlarynyň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty bilen utgaşyklydygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda beýik işleriň asylly ýörelgeler bilen utgaşykly dowam etdirilýändiginiň beýanydyr. I.Saparlyýew Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän maslahatlaşmak, ula-kiçä hormat goýmak däplerine esaslanýan wagyz-nesihat işlerini alyp barýandygyny aýtdy. Şunda halkymyzyň köpýyllyk durmuş hem-de iş tejribesine daýanylýar. Bu bolsa döwrüň wajyp meseleleriniň oňyn çözgüdiniň tapylmagynda ähmiýetli ugur hasaplanýar. Aşgabat şäheriniň wekili öz öňlerinde durýan wezipeleriň mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Milli Liderimiz çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, Ahal welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly G.Aýlyýewe söz berdi.
G.Aýlyýew sözüniň başynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly seneleri bilen tüýs ýürekden gutlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynyň her bir gününiň taryhy ähmiýetli wakalara beslenmegi rowaçlykdan nyşandyr. Şeýle hem ol welaýatyň çäginde ýaşulularyň alyp barýan işleri, olaryň halkyň arasynda bolup, döwlet derejesinde kabul edilýän çözgütler, öňe sürülýän başlangyçlar babatda wagyz-nesihat çärelerini işjeň dowam edýändiklerini nygtady. Munuň özi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşantdyr. Häzirki döwürde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Şunda halkymyzyň isleg-arzuwlary öwrenilip, olaryň öndürijilikli işi, abadan durmuşynyň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ahal welaýatynyň wekili Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza welaýatyň ähli ilatynyň adyndan hoşallygyny beýan etdi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy çykyş etmek üçin Balkan welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly A.Begjanowa söz berdi.
Balkan welaýatynyň wekili hemmeleri mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady we sahawatly günlerde beriljek sadakalaryň, okaljak aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Şeýle hem ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň her bir gününiň şanly wakalara, täze zähmet üstünliklerine beslenýändigini nygtady.
Häzirki döwürde Diýarymyzyň günbatar welaýatynyň ähli ilaty umumy ösüşiň bähbidine gönükdirilen giň möçberli işlere mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalary edýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, ýurdumyzda azyk we senagat harytlarynyň bolçulygyna oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde beýik işleriň amal edilýändiginiň beýanydyr. Balkan welaýatynda utgaşykly dolanyşykda işlejek gazturbinaly elektrik stansiýasynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda “Gadamly” gury ýük gämisi ýüzüşe goýberildi. Munuň özi diňe bir welaýatyň ilatynyň däl, eýsem, tutuş halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Zähmetsöýer halkymyz agzybirligiň, jebisligiň nusgasyny görkezip, öndürijilikli işleri bilen belent sepgitleri eýeleýär we uly zähmet üstünliklerini gazanýar.
Çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly H.Zahyrowa söz berdi.
H.Zahyrow Milli Liderimiz bilen bilelikde häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol hemmeleri Gurban baýramy bilen gutlady.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem halkymyzyň eşretli durmuşynyň berkarar bolmagy ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Welaýatyň ilatynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligi döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa adamlary täze zähmet ýeňişlerine, belent sepgitlere ruhlandyrýar. Şeýle hem türkmen-özbek serhedinde köpugurly söwda bazarynyň açylmagy iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyny üpjün etdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Şunda ýaşulularyň wagyz-nesihat işlerine möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek möhüm meseleleriň hatarynda kesgitlenildi. Bu ugurda ýaşuly nesilleriň alyp barýan işlerine aýratyn orun degişlidir. H.Zahyrow çykyşynyň ahyrynda öňde durýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigini nygtady.
Soňra Ýaşulular geňeşiniň mejlisi Lebap welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly E.Talipowyň çykyşy bilen dowam etdi. E.Talipow hem hemmeleri mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady we Gahryman Arkadagymyza, mejlise gatnaşyjylara welaýatyň zähmetsöýer halkynyň iberen salamyny ýetirdi.
Häzirki döwürde welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar, obalaryň, şäherleriň keşbi gün-günden gözelleşýär. Bu bolsa halkymyzyň Watanymyza bolan buýsanjyny, guwanjyny artdyrýar. Häzirki döwürde sebitiň ilaty hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öndürijilikli zähmet çekýär. Bu bolsa adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Bagtyýar zamananyň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýan adamlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýdýarlar. Bellenilişi ýaly, ýakynda welaýatyň pileçileri uly zähmet üstünligini gazandylar. Lebap topragynda gallanyň bol hasyly kemala getirildi. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki derejesini pugtalandyrdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly A.Çaryýewe söz berdi.
A.Çaryýew häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň batly depginde dowam edýändigini, täze, döwrebap şäherçeleriň peýda bolýandygyny aýtdy. Bu bolsa welaýatyň ilatynyň has-da öndürijilikli işlemegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Sebitiň ýaşululary ilat arasynda ýygy-ýygydan bolup, olar bilen ekerançylyk meýdanlarynda, oba durmuşynda we şäherlerde ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri bilen gyzyklanyp durýarlar. Adamlaryň isleg-arzuwlaryny öwrenýärler. Bu bolsa döwletimiziň adam hakyndaky aladasynyň netijesinde kabul edilýän çözgütleriň ähmiýetini açyp görkezmekde wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýaşuly nesliň wekilleri kesgitlenen wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz manyly çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirdi we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işleri amala aşyrmakda, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrmakda baý zähmet hem-de durmuş tejribesi bolan ýaşulularyň maslahatlaryna uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Olaryň her bir maşgalada asudalygy we agzybirligi üpjün etmekde, giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde alyp barýan işleri, maslahatlary, goldawlary, öwüt-ündewleri örän möhümdir.
Soňra Milli Liderimiz gün tertibiniň ikinji meselesi bolan ýerlerde ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaş we köp çagaly maşgalalara, mümkinçiligi çäkli çagalara hemaýat bermek boýunça alnyp barylýan işler barada çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarowa söz berdi.
R.Bazarow çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mejlise gatnaşyjylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdynlygy we abadan durmuşy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigini belläp, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, ýaş we köp çagaly maşgalalara, mümkinçiligi çäkli çagalara döwlet derejesinde durmuş goldawynyň yzygiderli berilýändigini nygtady. Şunda nesilleriň durmuş goraglylygyny üpjün etmek meselelerine zerur üns berilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işinde halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ynsanperwer ýörelgelerine aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Ýaşulular geňeşiniň agzalary ýaş nesilleriň halkymyza, mähriban Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda zerur tagallalary edýärler.
R.Bazarow geňeşiň agzalarynyň çagalaryň mähriban halkymyza, Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri bilen bagly soraglara seredýändigini nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň çagalara hossarlyk edip, howandarlyk bilen garap, olaryň halkyň Arkadagynyň beýik adyny götermekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredendigini, şunda Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda hossarsyz çaganyň ýokdugyny, her bir çaganyň arkasynda döwletiň durandygyny, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň durandygyny nygtady. Şeýle hem R.Bazarow Gahryman Arkadagymyza ýakynda doglan we hossarsyz galyp, Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde terbiýelenilýän gyzjagaza mynasyp at dakmak baradaky teklip bilen ýüzlendi.
Hemişe ýurdumyzyň ýaş nesilleri, aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalar bilen duşuşmagyň, olaryň hal-ahwaly, saglyk ýagdaýy, okuwy, höwes edýän ugurlary bilen gyzyklanmagyň çagalarda guwanç duýgusyny döredýändigini nygtap, R.Bazarow Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda geçirilmeginde aýratyn many bardygyna ünsi çekdi. Şunda çagalary terbiýelemekde, olary edepli-ekramly, ilhalar, Watana wepaly nesil edip ýetişdirmekde ýaşuly nesliň orny uludyr. R.Bazarow Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller hakynda edýän atalyk aladalary, döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, Milli Liderimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Gahryman Arkadagymyz Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň teklibini oňlap, bu çaganyň aýlaryň seresi mukaddes Gurban aýynda doglandygyny nazara alyp, oňa Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakmagy maslahat berdi. Munuň özi ýurdumyzda sahawatly senelere goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany bolar. Milli Liderimiz ýurdumyzda hossarsyz-howandarsyz çagalaryň ýokdugyny, olaryň arkasynda dag ýaly bolup kuwwatly döwletimiziň durandygyny ýene bir ýola belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagajyklary goldamak, saglygyny dikeltmek, olaryň hemaýata mätäçlerine saglygy goraýyş, durmuş maksatly kömekleri bermek we müňlerçe çaganyň jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan hukugyny üpjün etmek boýunça ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramaga gönükdirilen, häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen sagaldyş-dikeldiş merkezleri gurulýar. Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertler bolsa döwlet tarapyndan halkymyzyň, çagalaryň geljegi, saglygy hakyndaky düýpli aladalaryň aýdyň mysalydyr. “Sahawat ýoly türkmeniň ýoludyr. Şoňa görä-de, biz geljekde hem hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça alyp barýan işlerimizi güýçlendirmegi maksat edinýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
R.Bazarow gün tertibiniň üçünji meselesi boýunça çykyş edip, Ýaşulular geňeşiniň mejlislerinde kabul edilýän çözgütleriň işleriň ilerlemegine oňyn täsirini ýetirýändigini belledi. Düzgünnama laýyklykda, Ýaşulular geňeşi Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hereket edýär. Geňeşiň düzümi Milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanylýar hem-de oňa degişli üýtgetmeler girizilýär. Bu barada aýtmak bilen, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy häzirki wagtda ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde Karar bilen bellenen Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň bardygyny belläp, Arkadag şäherine hem mynasyp wekilçilik etjek ýaşuly agzalar barada Gahryman Arkadagymyzdan öz maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.
Milli Liderimiz Ahal welaýatyna wekilçilik edýän Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy K.Täşliýewiň, şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäherine hem wekilçilik edýändigini aýdyp, özüniň hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçysy hökmünde Arkadag şäherine wekilçilik etjekdigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan her bir adamyň abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin hemmetaraplaýyn şert döretmek, ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek meseleleriniň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini aýtdy.
“Nesip bolsa, geljekde hem mähriban halkymyzyň goldawy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyryp, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işlerimizi güýçli depginlerde dowam etdireris” diýip, Milli Liderimiz şu gün Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen birnäçe wezipelere seredilendigine ünsi çekdi. “Men siziň her biriňiziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlere mynasyp goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi.
Şunlukda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisi öz işini tamamlady. Gahryman Arkadagymyz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank