TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň syýasy, işewürlik, medeni, sport we jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän paýtagtymyz soňky ýyllarda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezine hem öwrüldi. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly baýram bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimize Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyzy Aşgabat şäheriniň güni bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annaýew, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa hem-de R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

(TDH)