TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Ýeňişli gadamlaryň we mizemez dostlugyň şanyna baýramçylyk dabarasy

Aşgabat, 16-njy maý (TDH). Paýtagtymyzda türkmen atşynaslarynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary derejeli baş baýraklara mynasyp bolmagyna bagyşlanan dabara guraldy. Iki halkyň dost-doganlygynyň medeni çäreler arkaly has-da berkidilýändiginiň nyşanyna öwrülen dabara «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde ýaýbaňlandyryldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi halkara giňişlikde uly gyzyklanma eýe boldy. Şu mynasybetli goňşy we alysdaky ýurtlarda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän ýylyň şygaryny wagyz etmek, behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen dürli çäreler geçirilýär. Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleri, «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem ahalteke atlarynyň halklaryň arasynda dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeleýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

«Gündogaryň merjeni» bäsleşiklerine ýurdumyzdan gatnaşan ahalteke bedewleri üstünlikli çykyş edip, “Aziýanyň çempiony” we “Dünýäniň çempiony” diýen hormatly atlara, beýleki baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly bedew dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen çapyşykda ýeňiji, şol atçylyk toplumyna degişli Aýgytly diýen bedew hem ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň absolýut ýeňijisi bolup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baş baýraklary — ýeňil awtoulaglar, kuboklar, güwänamalar bilen sylaglandylar.

Ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny ýene-de bir gezek beýgelden şanly ýeňişler mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, atşynaslar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary, talyplar gatnaşdylar. Irden Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baş baýraklaryna mynasyp bolan türkmen atşynaslary täze sowgat berlen awtoulaglarda paýtagtymyzyň gözel şaýollary boýunça «Daşkent» dynç alyş seýilgähine tarap ýola düşdüler. Ýolugruna elinde iki ýurduň Döwlet baýdaklaryny buýsançly parladýan ýaşlar ahalteke bedewleriniň ýeňişli ýoluny dowamata ataran türkmen atşynaslaryny mübäreklediler.

Ahalteke bedewlerine gözelligi, ýyndamlygy, ynsan gylykly häsiýeti üçin ähli döwürlerde hem dünýäniň islendik künjeginde bahasyz gymmatlyk hökmünde aýratyn gadyr goýlupdyr. Merdana pederlerimiz ganatly bedewleri ösdürip ýetişdirmäge yhlasly zähmetini siňdirip, dünýä medeniýetine gaýtalanmajak gymmatlygy peşgeş edipdirler. Şoňa görä-de, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki döwürde ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler behişdi bedewiň okgunly badyna deňelýär. Şunda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy baýram edilýän şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagynyň çuňňur manysy bardyr.

Ýeňiji bolan atşynaslar şatlyk-şowhun bilen täze awtoulaglarynda baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýeri bolan «Daşkent» dynç alyş seýilgähine geldiler. Bu ýerde milli atşynaslyk sungatymyzy mynasyp dowam etdirýän ussat seýislerdir çapyksuwarlar duz-çörek bilen mähirli garşylanyldy. Ýeňiji atşynaslar hem-de dabara gatnaşýan myhmanlar medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşyna tomaşa etdiler. Il sylagly ýaşulular ýeňijileri mynasyp bolan sylaglary bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen bedewleriniň şanyna şan goşýan şeýle üstünlikleriň geljekde hem dowamly bolmagyny arzuw etdiler.

Häzirki döwürde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalary esasynda döwletara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylýar. Munuň şeýledigine ýokary derejedäki özara saparlar, olaryň çäklerinde gazanylýan möhüm döwletara ylalaşyklar, iki ýurduň wekiliýetleriniň işjeň gatnaşmagynda geçirilýän çäreler, halkara sport ýaryşlary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat we Daşkent doganlaşan şäherlerdir. 2018-nji ýylyň aprelinde özbek paýtagtynda “Aşgabat” seýilgähiniň, 2022-nji ýylyň oktýabrynda türkmen paýtagtynda “Daşkent” seýilgähiniň açylmagy ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazdy. Häzirki wagtda bu döwrebap seýilgähler iki doganlaşan şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin ýygy-ýygydan gelýän künjekleriniň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli äheňlerini beýan edýän şekiller bu seýilgähleriň bezeginiň aýratynlyklarydyr. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezinde ýaşaýan halklarymyzyň baý taryhyna, medeniýetine has içgin aralaşmaga mümkinçilik berýär. “Aşgabat” we “Daşkent” seýilgählerinde iki şäheriň gözelliklerini beýan edýän desgalaryň bolmagy ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň birek-biregiň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine uly hormat hem-de guwanç duýgusy bilen garaýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Daşkentdäki “Aşgabat” seýilgähiniň esasy girelgesinde behişdi bedewleriň heýkelleriniň oturdylandygyny bellemek gerek.

Ýeňiji atşynaslar halkara ýaryşda gazanylan kuboklardyr güwänamalar, şeýle hem awtoulaglar bilen aýdym-sazly dabaraly ýöriş bilen seýilgähiň esasy girelgesinden ýörite bellenilen ýere geçdiler. Dabara gatnaşyjylar bu ýerde türkmen we özbek halklarynyň milli gymmatlyklarynyň sergisini synladylar. Amaly-haşam sungatynyň sergisinde dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň gözelligini beýan edýän sungat eserlerine, haly we zergärçilik önümlerine aýratyn orun berlipdir. Ýeri gelende nygtasak, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda döredijilik bäsleşigini guramak asylly däbe öwrüldi.

Sergide iki halkyň häzirki durmuşynyň, milli lybaslarynyň, dokma we keşdeçilik sungatynyň aýratynlyklary hem beýanyny tapdy. Gelin-gyzlaryň zehininden dörän nepis işler gaýtalanmajak gözelligi bilen ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Ýaşlaryň çeken suratlarynda bedewiň keşbi, häsiýeti, duýgurlygy, halkymyzyň «At — myrat» diýip sarpalaýan gymmatlygy, bedewleriň häzirki döwürdäki şöhraty çeper suratlandyrylypdyr. «Daşkent» seýilgähiniň çäginde ýaýbaňlandyrylan dabara medeni hem-de ruhy däpleriň umumylygy bilen baglanyşýan iki halkyň häzirki döwürde has-da ýakynlaşýandygynyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny barha ilerledýändiginiň güwäsidir.

“Daşkent” seýilgähiniň çäginde, hususan-da, çagalaryň wagtyny hoş geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Iki halkyň milli lybaslaryndaky eli baýdakly çagalar seýilgähdäki attraksionlarda wagtyny şadyýan geçirdiler. Munuň özi taryhyň dowamynda emele gelen, häzirki döwürde yzygiderli berkidilýän dost-doganlyk ýörelgelerini geljek nesillere ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Çagalaryň ýerine ýetiren türkmen we özbek halklarynyň aýdymlary parahatçylygyň, dostlugyň hoş owazy bolup ýaňlandy. Soňra bezelen sahnada “Türkmen-özbek dostlugy” atly baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz türkmen atşynaslaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary derejeli baş baýraklara mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bellenilişi ýaly, asyrlarboýy hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýan türkmen we özbek halklary parahatçylyga, abadançylyga, dost-doganlyga berk ygrarly bolupdyrlar, hemişe birek-birege goldaw beripdirler. Häzirki wagtda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurtlarymyz bu gymmatlyklara berk ygrarlydyrlar. Ahalteke atlaryna bagyşlanyp, «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen çäreler bolsa iki halkyň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrdy.

Dabarada gutlag sözi bilen çykyş eden iki ýurduň wekilleri “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen halkynyň behişdi bedewlerine bagyşlanyp, Daşkent şäherinde halkara ähmiýetli çäreleriň üstünlikli geçirilmegi we türkmen atşynaslarynyň gazanan ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutladylar. Bu giň gerimli çärelere türkmen atşynaslary bilen birlikde, medeniýet we sungat ussatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy halklarymyzyň mizemez dostlugynyň, hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşanydyr. «Gündogaryň merjeni» bäsleşikleriniň iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk konserti bilen utgaşmagy ony many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Nygtalyşy ýaly, Özbegistanda geçirilen çäreler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen yzygiderli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm wakalaryň biri boldy. Türkmenistanda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini dowam etdirmek, atly sporty höweslendirmek boýunça dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Şunda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işlerde 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu assosiasiýa dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, behişdi bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirýär. Onuň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, mazmunyny täze bilelikdäki taslamalar hem-de işewürlik gatnaşyklary bilen baýlaşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär. Daşkentde geçirilen çäreler hem ahalteke atlary bilen gyzyklanýan hünärmenleri, meşhur atşynaslary, atly sportuň ýokary derejeli wekillerini bir ýere jemledi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek, milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şeýle hem bu şäherde halkara ölçeglere laýyk gelýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, 1 müň 500 tomaşaça niýetlenen Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hereket edýär. Sanly ulgam we häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap okuw, ylmy, medeni merkezlerde atçylyk pudagynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy barlaglary alyp barmak, sirk sungatynyň ussatlarynyň çykyşlaryny guramak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Özbegistanda geçirilen bäsleşikler iki ýurduň atçylyk pudagynda toplan tejribelerini öwrenmek, degişli hünärmenleriň arasynda özara gatnaşyklary ýola goýmak babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Bäsleşikde behişdi bedewlere sarpa goýýanlaryň köp sanlysy dünýäniň ahalteke atşynaslygynyň binýadyny goýan şöhratly bedewleriň häzirki nesilleriniň täsin gözelligine baha bermäge mümkinçilik aldylar. Özbegistanda geçirilen halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerinde hormatly Prezidentimiziň baş baýraklarynyň — döwrebap ýeňil awtoulaglaryň sowgat hökmünde goýulmagy her bir çapyksuwary we seýsi ýeňiş gazanmaga ruhlandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň baş baýraklaryna özbegistanly atşynaslar mynasyp boldy.

Dabarada çykyş edenler ahalteke atlarynyň yklym we dünýä ähmiýetli bäsleşikleriniň, beýleki çäreleriň ýokary derejede guralmagy ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra bu ýerde «Türkmen-özbek dostlugy» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Onuň dowamynda medeniýet we sungat ussatlary türkmen hem-de özbek halklarynyň aýdym-saz sungatynyň baý özboluşlylygyny açyp görkezýän çykyşlary ýerine ýetirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen “Bedew” atly aýdymyň joşgunly ýerine ýetirilmegi dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Ahalteke bedewlerimiz köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy, aýratyn gözelligi bilen umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasynda mynasyp orun aldy. Bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky we ykbalyndaky ähmiýetine Milli Liderimiziň eserlerini okanyňda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. “Bedew” atly şahyrana eser hem bedewleriň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde eýeleýän ornuny täsirli açyp görkezýär.

Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda, edebi kompozisiýalarda türkmen we özbek halklarynyň milli hem-de häzirki zaman sungatynyň baýlygy, özboluşlylygy, täze döwrüň ýörelgeleri bilen sazlaşykda däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Bularyň ählisi sungatyň birleşdiriji, döredijilikli güýjüniň aýdyň nyşanydyr. “Daşkent” dynç alyş seýilgähinde ýaýbaňlandyrylan dabarada asyrlara uzaýan türkmen-özbek dost-doganlygyny wasp edýän çykyşlara möhüm orun berildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy däplerine esaslanýan hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Şunda bilelikde guralýan özara çäreler medeni gatnaşyklaryň täze derejä çykarylmagyny şertlendirýär. Taryhyň, diliň, däp-dessurlaryň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy bu ugurdaky gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirýär. Medeniýet ulgamynyň wekilleri iki ýurtda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Paýtagtymyzdaky “Daşkent” dynç alyş seýilgähinde geçirilen baýramçylyk dabarasy iki ýurduň hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrýandyklarynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy. “Arkadagly Serdarymyzyň ak ýoly — baky dostluk ýoly, doganlyk ýoly” atly joşgunly aýdym dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Bu ýerde türkmen atşynaslarynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary derejeli baş baýraklara mynasyp bolmagyna bagyşlanyp, toý sadakasy berildi. Onda ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlygynyň mizemezligi, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleriniň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi.

***

Paýtagtymyzdaky dabaralar bilen birlikde, şol bir wagtda, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherindäki “Aşgabat” seýilgähinde-de baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy.

Iki goňşy ýurduň dost-doganlygynyň nyşany bolan bu seýilgäh Türkmenistanyň we Özbegistanyň Döwlet baýdaklary, milli nagyşlar, ahalteke bedewleriniň suratlarydyr şekilleri bilen bezeldi. Seýilgähiň merkezindäki uly ekranda iki ýurduň dostlugyny we medeni hyzmatdaşlygyny beýan edýän wideoşekiller görkezildi, milli saz gurallarynda aýdym-sazlar ýerine ýetirildi. Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerinde Özbegistandan ýeňiji bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmat bahaly baýraklaryna — döwrebap awtoulaglara mynasyp bolan atşynaslar dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.

Dabaranyň başynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ahalteke bedewleriniň arasynda “Gündogaryň merjeni” diýen at bilen geçirilen Aziýa we dünýä çempionatynyň ýeňijilerine iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bu dabaranyň Daşkent şäheriniň iň owadan “Aşgabat” seýilgähinde geçirilmeginiň çuňňur mana eýedigi bellenilýär. Bu seýilgäh özbek we türkmen halklarynyň köpasyrlyk dostlugynyň, hoşniýetli goňşuçylygynyň, özara ynamynyň, ruhy gözbaşlarynyň umumylygynyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Gutlagynda: “Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, meniň gadyrly doganym Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda atçylyk sportuny halkara derejede ösdürmek boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurtda ägirt uly üstünlikler gazanylýar, onuň halkara giňişlikde eýeleýän orny pugtalandyrylýar” diýip bellenilýär.

Özbek Lideri parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ilerletmek, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, milli gymmatlyklary gorap saklamak we medeni mirasy baýlaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary ykrarnamasyna eýe bolýandygyny aýratyn nygtaýar. Dostlukly ýurduň Baştutany şu ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar astynda geçirilýän medeni we aň-bilim çäreleriniň, halkara maslahatlaryň, ylmy forumlaryň, baýramçylyk dabaralarynyň bütin dünýäde adamlaryň at çapmak sungatyna bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrýandygyna ünsi çekýär. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Gutlagy: “Goý, özbek-türkmen dostlugy baky we mizemez bolsun!” diýen sözler bilen jemlenýär.

Soňra dabarada çykyş eden Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini, parahatçylygy, dost-doganlygy has-da pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işleri amala aşyrýandygyny nygtady. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ähli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha rowaçlanmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Ýakynda Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem halklarymyzyň arasyndaky medeni dialogy has-da berkitmäge hyzmat edip, dostlukly gatnaşyklarymyzyň senenamasynda ajaýyp waka öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, halkara bäsleşikde ýokary derejeli baýraklara mynasyp bolan iki ýurduň atşynaslarynyň adyna gutlaglar beýan edilip, şeýle ýeňişleriň geljekde hem dowamly bolmagy arzuw edildi.

Soňra bu ýerde Özbegistanyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Iki goňşy ýurduň paýtagt şäherleriniň adyny göterýän seýilgählerde geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ahyrynda milli medeniýetleriň we sungatlaryň, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýän ynsanperwer hyzmatdaşlyk syýasatynyň durmuşa geçirilýändigi üçin Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Şunlukda, baýramçylyk dabaralary bilelikde geçirilýän medeni çäreleriň ählisinde bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky dialogyň täze ugurlaryny açyp, medeniýetleri, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň senenamasyny özara baýlaşdyrmakda wajyp ähmiýete eýe boldy.