TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Gahryman Arkadagymyz hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi we onuň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, ähli asylly başlangyçlarynda Gudraty Güýçli Allatagalanyň oňa medet bermegini, Katar Döwletiniň doganlyk halkyna bolsa döwlet Baştutanynyň parasatly ýolbaşçylygynda öňegidişlik, rowaçlyk arzuw etdi.

(TDH)