
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Kuweýt Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Onuň Alyjenaby, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Hatda bellenilişi ýaly, Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah köp ýyllaryň dowamynda dürli wezipelerde işlemek bilen, Kuweýt Döwletiniň ösmegine uly goşant goşdy.
“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin!” diýip, Gahryman Arkadagymyz dileg etdi we merhumyň maşgala agzalaryna, ýakynlaryna, Kuweýt Döwletiniň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.
(TDH)