Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlary iberenler türkmenistanlylaryň beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde söweş meýdanlarynda edermenligiň we gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezendiklerini, tylda gaýratly zähmet çekendiklerini belleýärler. Watanyň azatlygy, garaşsyzlygy ugrunda janyny orta goýan gahrymanlarymyz baradaky ýatlamalar nesilleriň kalplarynda baky ýaşar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri döwlet Baştutanymyzy bu baýram bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygy, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň rowaçlygy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyzy Ýeňiş güni mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annaýew, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa tüýs ýürekden gutladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa hem-de R.Bazarow gutladylar.
Hormatly Prezidentimizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutlag hatlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank