TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Aşgabat, 4-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ýurdumyza geldi.

Şanly waka mynasybetli paýtagtymyzyň Halkara howa menzili üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşýan dostlukly ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezeldi. Haly ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasly oglan we gyz täjik Liderine duz-çörek hödürlediler we gül desselerini gowşurdylar.

Soňra Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş menziline tarap ugrady. Şol ýerde ony türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany salamlaşyp, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler we ýörite duşuşyklar üçin niýetlenen otaga tarap ugradylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistana gelmek baradaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we şu saparyň dowamynda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky üçtaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Häzirki döwürde ekologiýa, suw meselesi, energiýa howpsuzlygy we üstaşyr ulag geçelgeleri ýaly soraglar ählumumy derejede möhüm ähmiýete eýedir we halklarymyzyň hem-de ýurtlarymyzyň bähbidine oňyn çözgütleriň kabul ediljekdigine doly ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon çakylyk we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, şu günki gepleşiklere köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin nobatdaky mümkinçilik hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmen-täjik gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berildi. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiniň ýolunda uly üstünlikleri gazandy.

Dostlukly döwletiň Baştutany strategik hyzmatdaşlygyň has-da berkidilýändigine kanagatlanma bildirip, täjik tarapynyň iki ýurduň gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynyň ilerledilmegi we pugtalandyrylmagy boýunça bilelikde maksadalaýyk tagallalary etmäge taýýardygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy, öz nobatynda, ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçip, Türkmenistanyň Täjigistan bilen deňhukukly gatnaşyklara, sylag-hormata, birek-birege goldaw bermäge esaslanýan, däp bolup gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde biz halklarymyzyň gadymdan gelýän dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň uly mümkinçiliklerini we durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi barada giňişleýin pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ýokary döwlet we Hökümet derejelerinde guralýan yzygiderli saparlar, şol sanda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň arasynda geçirilýän gepleşikler hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmäge ýardam berýär. Bu babatda şu ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetiniň örän uludygy nygtaldy. Saparyň dowamynda netijeli gepleşikler geçirildi, köp sanly ylalaşyklara gol çekildi, ylym-bilim we hususy ulgamyň wekilleriniň gatnaşmagynda degişli çäreler guraldy.

Umumy pikire görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin häzirki tapgyrda gazanylan ylalaşyklaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi wajypdyr.

Gahryman Arkadagymyz syýasy-diplomatik gatnaşyklar meselesine degip geçip, biziň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn derejede, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Bu babatda halkara derejede öňe sürülýän başlangyçlara berilýän özara goldawy mysal getirip bolar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, özara söwda dolanyşygyny we maýa goýumlary artdyrmak, bilelikde ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek, ulag-logistika mümkinçiliklerini doly ulanmak arkaly gatnaşyklary işjeňleşdirip boljakdygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň hem döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen we täjik halklaryny taryhy-medeni, ruhy ýakynlyga esaslanýan aragatnaşyklar baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, biz hyzmatdaşlygyň bu örän möhüm ugruny geljekde-de ösdürmäge taýýardyrys.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, rowaçlyk arzuw etdiler.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň awtoulag kerweni howa menzilinden motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda paýtagtymyzyň kaşaň “Arkadag” myhmanhanasyna tarap ugrady.