TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalardyr guramalaryň ýolbaşçylary hatlarynda türkmen halkynyň bedewlere hemişe söýgi we hormat bilen garandygyny nygtaýarlar. Halkymyz atlary seýislemek sungatyny nesilden-nesle geçirip gelipdir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugurdaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Gutlag hatlaryny iberenler döwlet Baştutanymyzy umumymilli baýram bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimize ulag we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň adyndan B.Annaýew, G.Akmämmedow, B.Annadurdyýew, H.Hudaýgulyýew, A.Şanazarow, D.Saburow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy G.Garlyýew, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Wolsahatow, Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy A.Durdyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň başlygynyň orunbasary — baş alym kätibi M.Elýasow gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili W.Maýko, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy W.Petruk, “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy A.Tislenko gutlag hatlaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramow, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýew, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Baýramow, Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ý.Serýaýew, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Amannazarow, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Palwanow, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Annaýew, Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedow, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Geldynazarow, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Öwezow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Y.Gaýypow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) baş konsuly G.Ataýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) baş konsuly Ö.Jumanazarow, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) baş konsuly Y.Amanow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) baş konsuly G.Garaýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly G.Ilamanow, Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazari-Şarif şäheri) baş konsuly B.Kabaýew, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly B.Ýolow, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly M.Abdyllaýew, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly M.Özbekbaýew iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.

Hormatly Prezidentimizi bilim ministri J.Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow, Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M.Kuliýewa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory H.Kadyrow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kuliýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory B.Taňryberdiýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Ataýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Çaryýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow, Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory H.Nunnaýew, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory A.Gurbannazarow, Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory M.Öwezow tüýs ýürekden gutladylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy M.Çaryýew, «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory K.Rejebow, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň baş redaktory M.Alimowa, «Adalat» gazetiniň baş redaktory M.Nuryýew, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory O.Allaberdiýewa, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň baş redaktory S.Nurberdiýew, «Aşgabat» gazetiniň baş redaktory A.Mämmedow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory B.Myradow, «Arkadag» gazetiniň baş redaktory G.Mämiýew, «Watan» gazetiniň baş redaktory T.Kakaýewa, «Nesil» gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew, «Esger» gazetiniň baş redaktory S.Myradow, «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory G.Amangeldiýew, «Diýar» žurnalynyň baş redaktory J.Toryýewa, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, «Garagum» žurnalynyň baş redaktory S.Şaýymow, «Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory M.Taýjykowa, «Güneş» žurnalynyň baş redaktory G.Babaýewa, Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşigiň başlygy B.Nurberdiýew, Metbugat merkeziniň başlygy G.Amanow we beýlekiler mähirli gutlaglaryny iberdiler.

(TDH)