Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
Aşgabat, 29-njy aprel (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Paýtagtymyzda geçirilýän sergi we işewürler forumy ýurtlarymyzyň arasyndaky köpýyllyk strategik ykdysady gatnaşyklary täze derejä çykarmaga, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge, bilelikdäki taslamalary ilerletmäge gönükdirilendir. Iki ýurduň döwlet edaralarynyň, iri önümçilik kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini, işewür toparlary bir ýere jemlän bu çäreler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm meselelerini, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly şertleri döredýär. Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalary bilen geçen döwürde gazanylan ylalaşyklar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň yzygiderli ösmegine ýardam edýär.
Işewürler forumynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara hemmetaraplaýyn strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösüşi baradaky wideoşekiller görkezildi. Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gyzyklanmalary, bilelikde gazanylan tejribeler döwletara gatnaşyklaryň ilerledilmegi üçin oňyn şertleri döredýär. Netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde geçen döwürde durmuşa geçirilen birnäçe taslamalary, ilkinji nobatda, Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisini görkezmek bolar.
Forumyň “Hyzmatdaşlyk, ynam, ösüş: türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze tapgyry” ady bilen geçirilen plenar mejlisinde çykyş edenler döwletara gatnaşyklaryň ykdysady görkezijileri, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum mümkinçilikleri barada giňişleýin durup geçdiler. Nygtalyşy ýaly, Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär. Iki ýurduň durnukly ösüşi, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga gönükdirýän iri maýa goýumlary haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksport ugurly harytlaryň görnüşlerini giňeltmek babatda giň mümkinçilikleri açýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň çäklerinde hytaý maýasynyň gatnaşmagynda bilelikdäki iri taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi.
Ýurtlarymyz diňe ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Çykyş edenler Türkmenistanyň dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini belläp, Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli syýasatyna ýokary baha berdiler. Ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen, kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýadarlaryň netijeli iş alyp barmaklary üçin ähli zerur şertler bar. Bu bolsa işjeň gatnaşyklaryň ösdürilmeginde, bilelikdäki taslamalaryň ýokary derejede amala aşyrylmagynda ähmiýetlidir.
Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Hytaý tarapynyň wekilleriniň belleýişleri ýaly, Gündogar müçenamasynda at ýyly bolan, Türkmenistanda bolsa «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda türkmen-hytaý gatnaşyklaryna täze depgin berildi. Türkmen we hytaý halklary bedewi güýç-kuwwatyň, ösüşiň nyşany hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem dostlukly döwletiň wekilleri iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde giň mümkinçilikleri açýan Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň ýokary derejede guralandygy, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.
Milli ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly çözgütleriň, emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň jemleri boýunça ozal gazanylan ylalaşyklary berkitmäge, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjek resminamalar toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli ösüş we özgerişler komissiýasynyň arasynda emeli aň babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar. Mejlisiň dowamynda öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan giň gerimli aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, internet hyzmatlarynyň göwrümini giňeltmäge we hilini ýokarlandyrmaga, görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen başlangyçlar beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, hytaý kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge, sebit ähmiýetli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary ýörite mejlislerde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. “Ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň täze tapgyry” atly mejlisde ýurtlarymyzyň özara söwda dolanyşygynyň möhüm bölegini düzýän pudakda durmuşa geçirilen we badalga berlen taslamalar barada giňişleýin durlup geçildi. Nygtalyşy ýaly, bu ugurda uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan tebigy gazy Hytaýa eksport edýän esasy döwletleriň biridir. Gazhimiýa senagaty hem ösýär, bu pudagyň öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri dünýä bazarlaryna ýerlenilýär. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak ara alyp maslahatlaşmalaryň wajyp ugurlarynyň biri boldy. Türkmenistan energetikanyň däp bolan gazylyp alynýan görnüşleri bilen birlikde, «ýaşyl» energetikany yzygiderli ösdürmegi-de maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, ekologik taýdan arassa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, esasan-da, Gün we ýel energiýalaryny netijeli peýdalanmakda özara hyzmatdaşlyk etmek babatda uly mümkinçilikler bar. Mejlisde ýangyç-energetika pudagy üçin ýöriteleşdirilen tehnikalar bilen üpjünçilikde, gazhimiýa pudagynyň infrastrukturalaryny döwrebaplaşdyrmakda özara gatnaşyklar üçin açylýan mümkinçilikler beýan edildi.
“Senagat we gurluşyk: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri” atly mejlisde ýurdumyzyň ähli ýerini gurşap alan iri gurluşyklarda, hususy önümçilik toplumlarynda Hytaýda öndürilen tehnikalardan peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen telekeçileriniň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga, kärdeşleri bilen dialogy giňeltmäge, olaryň üstünlikli tejribesini ulanmaga, häzirki zaman iş dolandyryş usullaryny we çözgütlerini ornaşdyrmaga taýýardyklary bellenildi. Iki ýurduň haryt öndürijileriniň we hyzmatlary ýerine ýetirijileriň bilelikdäki sergilerini geçirmek, bilelikdäki işewürler forumlaryny guramagy yzygiderli esasda ýola goýmak bu işiň möhüm bölegi bolup durýar.
“Ýewraziýa geçelgesi: täze netijeli logistika ekoulgamynyň kemala gelmegi” atly mejlisde ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň hem-de Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň üstünlikli durmuşa geçirilişinde, ýük akymlarynyň artdyrylmagynda iki ýurduň işewür toparlarynyň uly goşandy bar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda döredilen döwrebap infrastruktura, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, täze awtoulag ýollary we howa menzilleri bu ugurda gatnaşyklary ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ulag ulgamy boýunça giň gerimli taslamalaryň amala aşyrylýandygy, bu ugurda uly tejribesi bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Hytaýyň belli kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
“Sanly ösüş: “akylly” we özara baglanyşykly geljegi döretmek” atly mejlisde bellenilişi ýaly, ählumumy ykdysady, tehnologik we ekologik ýagdaýlar, dünýä jemgyýetçiliginiň durmuşynda internet-aragatnaşyk ulgamynyň, ýagny internet hyzmatlarynyň we söwdanyň ornunyň barha artmagy “akylly” şäherlere bolan gyzyklanmalary artdyrýar. Munuň özi şäherleriň meýilleşdirilmeginde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has ýeňilleşdirilmegini, howpsuzlygyň üpjün edilmegini ileri tutýan “akylly” tehnologiýalaryň ähmiýetini ýokarlandyrýar. Türkmenistan we Hytaý bu ugurda baý tejribä eýedirler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda döredilen Arkadag şäheriniň diňe bir sanly ulgam babatda däl, ekologiýa we infrastruktura nukdaýnazaryndan hem sebitiň iri şähergurluşyk taslamasy bolup durýandygy nygtaldy. Çykyş edenler programma üpjünçiliklerini taýýarlamakda, emeli aň boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
“Oba hojalyk toplumynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri” atly mejlisde serişde tygşytlaýjy ekerançylyk we ýyladyşhana toplumlaryny döretmekde, pudagyň tehniki üpjünçiliginde hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada durlup geçildi. Häzirki döwrüň möhüm talaby bolan «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugurda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylmagy esasynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply azyk önümleriniň önümçiligi yzygiderli artýar.
Işewürler forumyna gatnaşyjylar türkmen paýtagtynda geçirilýän işewürlik maksatly çäreleriň ähli ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň, halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm waka öwrüljekdigine ynam bildirdiler. Forumyň dowamynda ykdysadyýetiň, maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikde işlemek üçin anyk ugurlar kesgitlenildi.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank