TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy «GS1 Turkmenistan» web sahypasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşigiň mazmuny — halkara GS1 standartlaryna laýyklykda web sahypanyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, şol sanda:

— 2D çyzykly şertli belgileriň («DataMatrix», «QR-kodlar») ornaşdyrylmagy we goldanylmagy;

— «Harydyň sanly pasporty» ulgamynyň işlenip taýýarlanylmagy we goldanylmagy;

— amallary optimizirlemek üçin emeli aň (AI) gurallarynyň integrasiýasy;

— bar bolan iş prosesleriniň döwrebaplaşdyrylmagy.

Hyzmatlar Aşgabat şäherinde ýerine ýetiriler.

Tehniki tabşyrygy almak üçin gyzyklanma bildirýänler gurama ýüz tutup ýa-da elektron poçta arkaly teklipnamasyny iberip bilerler.

Arzalar ýazmaça ýa-da elektron görnüşde 2026-njy ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Atatürk köçesiniň 82-nji jaýy, «Berkarar» işewürlik merkeziniň 9-njy gaty, 4-nji otag.

Telefon belgileri: +993(12) 46-80-25, 46-80-26.

Elektron salgysy: info@gs1-tm.org