Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik
1. LOT № 13.
Awtoulag tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
2. LOT № 25.
Büzmeýin etrabynyň Altyn asyr köçesiniň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
3. LOT № 26.
Büzmeýin etrabynyň Köpetdag köçesiniň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
4. LOT № 27.
Büzmeýin etrabynyň Ahal şaýolunyň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
5. LOT № 49.
Welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky müdirlikler üçin suw we gaz ölçeýji enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
6. LOT № 50.
Welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky müdirlikler üçin ýörite esbaplary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
7. LOT № 54.
Sowadyjy enjamlary abatlamak üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
8. LOT № 55.
Sowadyjy enjamlary abatlamak üçin işleri we tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
9. LOT № 61.
Gökdepe etrabynyň Ýandaklyagyz (täze we köne) geňeşliklerinde agyz suwuny geçiriji ulgamyň gurluşygy üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
10. LOT № 64.
Gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy.
11. LOT № 72.
Polietilen mytara satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
12. LOT № 95.
Halkara okuw-ylmy merkezinde «Seljeriş-intellektual ulgamynyň sanly çözgütler toplumynyň» dolandyryş ulgamynyň programma üpjünçiligi üçin kompýuter tehnikalaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
13. LOT № 97.
Balkanabat şäheriniň ýyladyş ulgamlarynyň we 211-nji kwartalynyň bug gazanynyň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
14. LOT № 98.
Balkanabat şäheriniň ýyladyş ulgamlarynyň we 209-njy kwartalynyň bug gazanynyň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
15. LOT № 100.
Döwletli etrabynyň Ýylangyz geňeşliginiň Bataş obasynyň köçeleriniň agyz suw geçirijileriniň gurluşygy üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
16. LOT № 113.
Ministrlikde sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin ygtyýarnamaly programma üpjünçiligini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.
17. LOT № 114.
Ministrlikde sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin zerur tehniki harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.
18. LOT № 121.
Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky ýyladyş desgalaryna gaz hasaplaýjy enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
19. LOT № 122.
Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky köçeleri yşyklandyrmak üçin led çyralary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
20. LOT № 127.
Jemagat hojalygy birleşigine jemagat hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, elektron resminama dolanyşyk ulgamyny gurnamak, hyzmatlardan alynýan serişdeleri nagt däl görnüşde amala aşyrmak hem-de sanly ulgamy (web saýt) yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen enjamlary we harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
21. LOT № 157.
Ministrligiň hem-de onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň kompýuter tehniki serişdelerini we multimediýa enjamlarynyň tor üpjünçiligini kämilleşdirmek üçin enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi.
22. LOT № 160.
Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan serhedi aralygynyň 0 — 18,2 kilometr aralygy, şeýle-de 18,2 — 43,6 kilometr aralygynyň awtomobil ýollaryna ýol çyzyklaryny çyzmak üçin boýag satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi.
23. LOT № 167.
Welaýatyň çäginde suw geçirijileri gurmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
24. LOT № 168.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky suw howdanynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi.
25. LOT № 172.
Awaza etrap Jemagat hojalygy müdirliginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek döwlet derejesindäki çärelere taýýarlyk görmek, arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini geçirmek üçin dürli harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
Bäsleşik şu ýylyň 8-nji maýynda sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz. Resminamalar şu ýylyň 7-nji maýyna, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38.
Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web-saýtynda hem ýerleşdirildi.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank