
Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!
Sizi we doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň milli baýramy — Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurduňyzyň halkara abraýynyň hemmetaraplaýyn ýokarlanmagyna ýardam berýär, içeri we daşary döwlet syýasatyňyzyň ileri tutulýan ugurlaryny doly derejede beýan edýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen we Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanylan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama möhüm halkara resminama bolup durýar.
Türkmenistanyň geçen 28 ýylyň dowamynda dostluk, ylalaşyk, raýdaşlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk taglymlaryna daýanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty esasynda okgunly ösýändigini bellemek gerek. Siziň pugta syýasy erkiňiziň we tagallalaryňyzyň netijesinde bu asylly taglymlaryň durmuşda öz beýanyny tapandygyny aýratyn kanagatlanma bilen nygtaýaryn. Şeýle hem Özbegistanyň we Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna, asyrlaryň dowamynda parahatçylykda, hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýan halklarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandyňyzy bellemek isleýärin. Hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek esasynda gatnaşyklarymyzy we özara goldawymyzy ähli ileri tutulýan ugurlarda bar bolan mümkinçiliklerimize laýyk gelýän derejä çykaryp biljekdigimize berk ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, ýurduňyzyň ösüşiniň bähbidine alyp barýan işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.