TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Aşgabat, 4-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza geldi.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde üç doganlyk ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, belent mertebeli myhmana duz-çörek hödür edildi we gül desseleri gowşuryldy.

Soňra Prezident Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş menziline tarap ugraýar. Bu ýerde ony türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Baştutany mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler hem-de duşuşyk üçin niýetlenen otaga bardylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri goňşy döwletiň Baştutanyny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, özbek Liderini myhmansöýer türkmen topragynda kabul edýändigine şatdygyny aýtdy we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelmäge çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Halk Maslahatynyň Başlygyna myhmansöýerlik we mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda ýene-de saparda bolýandygyna şatdygyny belledi.

Ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda bilelikdäki ileri tutulýan meýilnamalary nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça pikir alşyldy. Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň arasyndaky üçtaraplaýyn sammitiň gün tertibi ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary derejede geçiriljek duşuşygyň üç doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ekologiýa, suw meselesi, energiýa howpsuzlygy we üstaşyr ulag geçelgeleri ýaly meseleler ählumumy derejede örän möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Şawkat Mirziýoýew şu sammitiň barşynda doganlyk halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň bähbidine oňyn çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdiler.

Dostlukly döwletiň Baştutany Özbegistanyň we Türkmenistanyň sebit, halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça has oňaýly gurallary işläp taýýarlamakda ysnyşykly gatnaşyk edýändiklerini belläp, bu ugurda bilelikdäki işiň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, ýurdumyzyň Özbegistan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny nygtady.

Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň, däp bolşy ýaly, asyrlardan gözbaş alýan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen belläp, munuň özara ynanyşmak we açyklyk häsiýetli ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine şert döredýändigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, bu ýagdaý ýokary derejedäki duşuşyklary yzygiderli geçirmäge, sebit we halkara meseleler boýunça garaýyşlary paýlaşmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyz we goňşy ýurduň Baştutany Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň halkara durmuşyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini bellediler. Munuň özi iki ýurduň halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde ulgamlaýyn esasda hereketlerini utgaşdyrmaga ýardam berýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigine aýratyn üns berildi. Özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli artdyrylmagy, energetika, ulag-kommunikasiýa we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem söhbetdeşler sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge täze itergi berlendigini aýtdylar.

Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegi, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmagy giňeltmek meseleleri hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, parlamentleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky özara saparlaryň bu işiň ilerledilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Baştutany ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek meselesine degip geçip, medeni, ylym, bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmeginiň halklarymyzyň ýakynlaşmagy, iki halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin köpri bolup hyzmat edýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şawkat Mirziýoýewe döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak işine uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwletiň Baştutanyny ýaňy-ýakynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli wezipesinde üstünlikleri, doganlyk özbek halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Öz nobatynda, Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, Özbegistanyň doganlyk Türkmenistan bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler däp bolan döwletara gatnaşyklaryň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri we belent mertebeli myhman birek-birege we doganlyk ýurtlaryň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Özbegistanyň Baştutanynyň awtoulag kerweni Halkara howa menzilinden motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda “Arkadag” myhmanhanasyna tarap ugrady.