
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit býurosynyň direktoryny kabul etdi
Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiçi kabul etdi.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, şeýle-de ähli türkmen halkyna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny, parahatçylyk, gülläp ösüş, abadançylyk, ýurdumyzyň saýlap alan ýolunda täze üstünlikleri gazanmagy baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny beýan etdi.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ilkinji Bitarap döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar edilen Türkmenistan häzirki wagtda ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmek, parahatçylyk we özara hormat goýmak diplomatiýasyny has-da ilerletmek boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürmek bilen, halkara durmuşa işjeň goşulyşýar. Şu gezekki “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara forumyň geçirilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar. Bu iri we abraýly gurama, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary ösdürýär.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ählumumy durmuş-ykdysady ösüşi we abadançylygy üpjün etmek, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Bellenilişi ýaly, daşky gurşawy aýawly saklamak ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelerde ileri tutulýan talaplaryň biridir. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär we Türkmenistan bu ugurda iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyny işjeň goldandygyny ýatlatdy. Ýurdumyzyň öz üstüne alan borçnamalaryna laýyklykda, 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Howanyň üýtgemegi baradaky Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň täzelenen görnüşi kabul edildi. Ýaňy-ýakynda bolsa Dubaý şäherinde (BAE) geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28) çäklerinde Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy yglan edildi. Bu işleriň ählisi biziň ýurdumyzyň tebigaty goramaga we onuň ajaýyplygyny köpeltmäge ygrarlydygyny, umumy abadançylygy üpjün etmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we türkmen tarapynyň bu ugurda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen alnyp barylýan taslamalary mundan beýläk-de goldajakdygyny tassyklady.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan taslamalara aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, Ösüş maksatnamasy ýurdumyzda ileri tutulýan milli sanly ulgamy ösdürmek boýunça işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgamda öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda, ykdysadyýetiň täze, durnukly ýollaryny gözlemekde, döwlet hyzmatlaryny we döwlet gullukçylarynyň bilim derejelerini ýokarlandyrmakda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow durnukly we inklýuziw ösüşi gazanmak üçin Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiçe berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.