Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik
1. LOT № 12.
Dürli kysymly awtoulag tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
2. LOT № 29.
Serwer enjamyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
3. LOT № 36.
Welaýatyň harby prokuraturasynyň edara binasy üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
4. LOT № 45.
Milli maglumat gözegçilik merkezine birikdirmek üçin aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti.
5. LOT № 47.
Baýramaly etrabynyň Erkana geňeşligindäki elektrik geçirijiniň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
6. LOT № 48.
Baýramaly etrabynyň Erkana geňeşliginiň täze mellek ýerleri üçin elektrik geçirijiniň howa ulgamyny gurmak üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
7. LOT № 53.
Ministrlige hem-de onuň garamagyndaky ýaşaýyş jaýlaryna gerek gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
8. LOT № 68.
Tagtabazar şäherindäki elektrik geçirijiniň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
9. LOT № 86.
Bereket şäheriniň 8-nji kiçi etrapçasynda elektrik geçiriji hem-de paýlaýjy enjamy gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
10. LOT № 89.
Aşgabat şäheriniň çägindäki seýilgählerdäki enjamlarda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin gerek harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
11. LOT № 119.
Häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanan tor hem-de maglumat howpsuzlygynyň enjamlaryny we programma üpjünçiligini satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
12. LOT № 130.
Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň binalarynyň ýelejirediji, sowadyjy we ýyladyjy ulgamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
13. LOT № 131.
Magtymguly etrabynyň Gyzyl ymam obasyna «Ýegen ata» çeşmesinden suw eltijiniň gurluşygy üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
14. LOT № 138.
Garagöl (Hazar ş.) geňeşliginiň suw geçiriji ulgamlarynyň durkuny täzelemek üçin enjamlary we harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
15. LOT № 147.
Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan serhedi aralygynyň 0 — 18,2 kilometr aralygy, şeýle-de 18,2 — 43,6 kilometr aralygynyň gurluşygy üçin ýol belgilerini we onuň sütünlerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi.
16. LOT № 148.
Daşoguz şäheriniň köçelerini häzirki döwrüň talabyna laýyk yşyklandyrmak maksady bilen, gerekli harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
17. LOT № 149.
Dürli ölçeglerdäki tekerleri satyn almak.
Satyn alyjy: degişli döwlet edarasy.
Bäsleşik 2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz. Resminamalar şu ýylyň 27-nji apreline, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38.
Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank