TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Balkan welaýat häkimligi «Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň hem-de birleşigiň garamagyndaky müdirlikleriň barlaghanalaryna gerek bolan himiki reaktiwleri hem-de deňiz suwuny süýjediji desgalara zerur suwuklandyrylan kömürturşy gazy bilen üpjün edijini saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

LOT № 1. «Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň we onuň garamagyndaky müdirlikleriň barlaghanalarynda himiki we bakteriologik barlaglary geçirmek üçin himiki reaktiwleri satyn almak.

LOT № 2. «Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň garamagyndaky «Türkmenbaşyagyzsuw» müdirligine degişli deňiz suwuny süýjediji desgalar üçin suwuklandyrylan kömürturşy gazyny satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça görnüşde ýüz tutup, gerek bolan harytlaryň sanawy we möçberleri baradaky maglumaty Balkan welaýat häkimliginden alyp bilersiňiz.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça görnüşdäki ýüztutma tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik teklipleri 1-nji maýa çenli her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy.

Telefon belgisi: (+993 222) 6-00-89, faks belgisi: 2-00-28.