Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi adamlaryň kalbyny mähir, şatlyk, bagtyýarlyk we ýagty geljege umyt bilen doldurýan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Belarus Respublikasy bu baýramyň özara hormat goýmak, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Döwletara dialogyň, hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de hyzmat etjekdigine hem-de Ýewraziýada durnuklylygyň üpjün edilmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, güýç-kuwwat, jogapkärli işiňizde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Oraza baýramy mynasybetli Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
MOHAMMED VI,
Marokkonyň Patyşasy.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank