TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrýan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan, parahat, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan maksada okgunly, özygtyýarly, Bitarap, şol bir wagtyň özünde, işjeň hem-de netijeli daşary syýasaty üstünlikli alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ata-babalarymyzyň bize miras galdyran hoşniýetli ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar. Gysga taryhy döwrüň içinde Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän döwletimiz parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek babatda gymmatly tejribeleri toplady.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň durmuşa geçirýän syýasatyňyzyň netijesinde Türkmenistan dünýäniň köp döwletleri bilen syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär, Birleşen Milletler Guramasynyň düzüminde öz wekilçiligini giňeldýär. Ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanyldy. Häzirki wagtda Türkmenistan bu abraýly halkara guramanyň komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň hem köpüsiniň agzasy bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara jemgyýetçilikdäki ornunyň pugtalanýandygyny, abraýynyň barha beýgelýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Siziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ileri tutulýan garaýyşlaryňyz, umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryňyz döwletimiziň parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan döwlet, ygtybarly hyzmatdaş hem-de parahatçylygyň merkezi hökmünde abraýyny has-da belende göterdi.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň goňşy hem-de alysdaky ýurtlara amala aşyrýan saparlaryňyz ýurdumyzyň halkara syýasy, ykdysady, medeni hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy sebitde hem-de dünýäde hyzmatdaşlygyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, giňeldilmegine itergi berýär. Türkmenistanyň gysga wagtyň dowamynda dünýä giňişliginde özboluşly daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatmagy, ylalaşdyryjy merkez hökmünde bitiren hyzmatlary Diýarymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Siziň ýakynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparyňyzyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda eden çykyşyňyz oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli dürli çäreleriň, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň hem-de Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygynyň geçirilmegi möhüm daşary syýasy wakalaryň tapgyry bilen sepleşip, Bitaraplygyň türkmen nusgasyny dünýä giňişliginde has-da dabaralandyrýar. Umuman, Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk ýoly dünýä üçin nusgalyk häsiýete eýe bolýar. Türkmen Bitaraplygynyň ykrar edilen senesiniň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edilmegi hem muny aýdyň subut edýär. Netijede, bu gün biziň Watanymyz parahatçylygyň, döredijiligiň, dostlugyň, ösüşiň mekany hökmünde häzirki zamanyň nusgalyk ýoly bilen geljegi gurýar.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde, uly ruhubelentlikde bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.