Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty
Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleriniň, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine degişli düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler girizildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet düzümleriniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen hukuk özgertmeleri şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Şunda kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, onuň işine sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, döwrüň talaplaryna, halkara ölçeglere laýyklykda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek wezipelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda adamyň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilip, her bir raýatyň mynasyp ýaşamagy üçin amatly şertler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, adyl kazyýetliligi üpjün etmek, türkmenistanlylaryň kanuny hukuklaryny, azatlyklaryny goramak kazyýet edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipedir. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan işler, ilkinji nobatda, kanunylyga we adalatlylyga eýermäge, hukuk tertibini üpjün etmäge, hukuk bozulmalarynyň sebäplerini, onda ýüze çykýan meseleleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişini seljermek maslahatda garalan esasy meseleleriň biri boldy. Bu resminamada bellenilen işleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, kazyýet işiniň ýörelgeleri kämilleşdirilip, adyl kazyýetliligiň açyklyk we aýdyňlyk derejesi, kabul edilýän kazyýet çözgütleriniň milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklygy üpjün edilýär.
Maslahatyň dowamynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iň göreldeli kazyýeti” atly bäsleşigiň jemleri yglan edildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň kazyýetleriniň arasynda “Iň göreldeli kazyýet” we birinji basgançakly kazyýetleriň kazylarynyň arasynda “Iň göreldeli kazy” atly bäsleşikleri yglan etmek meselesine seredildi. Maslahatyň gün tertibine kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryna degişli meseleler hem girizildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň talaplaryny göz öňünde tutmak bilen, degişli hukuk resminamalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmegiň ähmiýeti nygtaldy. Çykyşlarda 2025-nji ýylda “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň kabul edilmegi bilen baglylykda, ýörite usuly gollanmalary taýýarlamagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.
Maslahata gatnaşyjylar kazyýetleriň kazylarynyň we işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselesine hem seretdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryndan ugur alyp, kazyýet edaralarynyň öňünde durýan wezipeleriň netijeli ýerine ýetirilişini üpjün etmek maksady bilen, anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu işe öňdebaryjy tejribäni, häzirki zaman usullaryny girizmegiň, ýörite okuwlary guramagyň wajypdygy bellenildi. 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly wezipeler, Kazylaryň etikasynyň kodeksiniň täze beýany ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Maslahatyň jemleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Maslahatyň ahyrynda ýygnananlar netijeli işlemek üçin döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler hem-de Watanymyza, halkymyza mynasyp gulluk edip, berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň goragynda sak durup, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli bilimlerini, gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank