Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş sapary
Arkadag şäheri, 28-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.
Häzirki döwürde Arkadag şäherinde öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini esasy ugur edinýän işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtyň özünde, Milli Liderimiziň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi bilen, Türkmenistan bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Munuň özi Arkadag şäherinde amala aşyrylýan haýyrly işlerde-de öz beýanyny tapýar.
Irden Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyna gelende, türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy.
Mejlise gaznanyň müdiriýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy hem-de Arkadag şäheriniň häkimi gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz mejlisde ýurdumyzda ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek hem-de howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri, ýetilen sepgitler barada hasabatlaryň diňleniljekdigini aýtdy. Milli Liderimiz, ilki bilen, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa söz berdi.
O.Atabaýewa Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle hem ol gaznanyň goldawy bilen bejergi alan we saglygyny dikelden ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň okamaga, döretmäge, bilimli, ylymly, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmäge bolan höwesiniň örän ýokarydygyny belledi. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen wagtyndan bäri tutuş ýurdumyz boýunça näsag çagalaryň 758-sine operasiýalaryň geçirilendigi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde şu günki güne çenli 2 müň 467 çaganyň döwrebap sagaldyş-dikeldiş bejergisini alandygy, merkezde innowasion tehnologiýalaryň ýerli tebigy serişdeler bilen utgaşykly ulanylmagy arkaly toplumlaýyn dikeldiş bejergisiniň ýola goýlandygy barada aýdyldy.
O.Atabaýewa gaznanyň işinde halkara hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýändigini nygtap, geçen ýylda Arkadag şäherinde bu ugra degişli halkara maslahatyň geçirilendigini, oňa onlarça döwlet düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşandyklaryny aýtdy. Maslahatyň dowamynda çagalaryň saglygy, irki ösüşi, ýokary hilli inklýuziw bilim ýaly ileri tutulýan ugurlara aýratyn üns berildi. Forumyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi we ol Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Şeýle-de Monako Knýazlygyna, Özbegistan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Katar Döwletine amala aşyrylan saparlaryň netijesinde degişli çözgütler kabul edildi.
“2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasy, Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekilmegi geçen ýylyň haýyr-sahawat gaznasy üçin netijeli ýyllaryň birine öwrülendigini görkezýär” diýip, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we özara tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklaryny berdi. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna halkara derejeli ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlere gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagynyň, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň, şeýle-de «Jahan» döredijilik merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek baradaky kabul edilen çözgüdiň ähmiýetine üns berildi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dolandyryş işleri boýunça wise-prezidenti R.Bazarow gaznanyň işi barada giňişleýin maglumat berýän hasabat bilen çykyş etdi.
R.Bazarow Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Hasabatyň çäklerinde gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan hukugyny üpjün etmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi aýdyldy. Munuň özi olara lukmançylyk kömeginiň berilmegini, saglygyny dikeltmegi, derman serişdeleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen maddy kömegi öz içine alýar. Paýtagtymyzyň we ähli welaýatlaryň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine Germaniýanyň “B.Braun” kompaniýasynyň gemodializ enjamlarynyň berilmegi çagalaryň saglygynyň berkidilmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna sowgat hökmünde gurulýan metjidiň gurluşygy barada hasabat berip, R.Bazarow bu işleriň ynsanperwer däpleriň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydygyny nygtady. Ol gaznanyň işinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar arkaly nesilleri terbiýelemek wezipesine aýratyn ornuň degişlidigini belläp, onuň ýanynda hereket edýän Ýaşulular geňeşiniň nesilleri milli ruhda terbiýelemek ugrunda alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Gahryman Arkadagymyz gaznanyň hojalyk işlerini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ýöretmek, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Gaznanyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi edilýän tagallalaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa söz berildi. Ol Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen gutlady.
D.Orazow häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şäheriň çäklerinde lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Şunda şäheriň “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleriniň we çaga iýmitleriniň geçen ýylyň sentýabrynda Moskwa şäherinde geçirilen gözden geçirilişde “Ýylyň önümi” atly altyn medala hem-de degişli diploma mynasyp bolandygy aýdyldy. Munuň özi Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň saglygy goraýşa degişli serişdeleriniň, çaga iýmitleriniň, beýleki degişli önümleriň hil derejesiniň hem-de olaryň ynsan saglygyna täsiriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň güwäsidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň gurluşyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny, onuň depgininiň güýçlendirilmelidigini we öz wagtynda ulanmaga berilmelidigini nygtap, birnäçe görkezmeleri berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Milli Liderimizi we hormatly Prezidentimizi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen gutlap, bu düzümiň gysga wagtda ynsanperwerligiň gaznasyna öwrülendigini belledi.
G.Mämmedowa «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada geçiriljek baýramçylyk dabarasyna häkimlik tarapyndan ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görlendigini aýdyp, çäräniň medeni maksatnamasyna laýyklykda, dabara köp sanly ildeşlerimiz bilen bir hatarda, gaznanyň hasabyna bejergi alýan çagalaryň, olaryň ene-atalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň wekilleriniň çagalarynyň, ýaşlaryň gatnaşmagynyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu şanly senäniň hormatyna guraljak dabaralaryň täsirli pursatlara, ýatda galyjy wakalara baý bolmalydygyny belledi. Dabaralaryň guramaçylykly geçirilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Oňa ýaşulularyň, ýaşlaryň, çagalaryň işjeň gatnaşmagy üpjün edilmelidir.
Mejlisiň dowamynda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzasy Ý.Orazowa ýüzlenip, häzirki döwürde gaznanyň işini talabalaýyk utgaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işleriň doly derejede, talabalaýyk ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi we onuň işine häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda möhüm tabşyryklary berdi.
Gahryman Arkadagymyz gaznanyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowa gaznanyň hojalyk düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, onuň işini sazlaşykly guramak, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde zerur işleri amala aşyrmak babatda birnäçe tabşyryklaryny berdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy gaznanyň müdiriýetiniň agzasy, hasapçysy Ý.Çernowa gaznanyň hasabyna gelip gowuşýan maliýe serişdeleriniň haýyr-sahawat maksatly ynsanperwerlik kömekleri üçin gönükdirilýän mukdarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy, bu işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy babatda degişli tabşyryklary berdi. Häzirki wagtda gaznanyň hasabyna çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça köp sanly operasiýalar geçirilýär. Şeýle-de onuň hasabyna daşary ýurtlarda kynçylykly ýagdaýlara düşen çagalara ynsanperwerlik kömekleri iberilýär. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň barha rowaçlanýandygyny görkezýär.
Hormatly Arkadagymyz gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa ýüzlenip, ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek ýaly işleri baş ýörelge edinýän gaznanyň işiniň ygtybarly kanunçylyk binýadynyň berkidilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz gaznanyň media habarlar wekili A.Jepbarowa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini giňden wagyz etmek, bu babatda degişli düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, asylly işleri halkara giňişlikde wagyz etmek barada degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýandygyny belledi we bu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimizi, bütin halkymyzy hem-de gaznanyň agzalaryny tüýs ýürekden gutlady.
“Türkmeniň ynsanperwerlik ýoly gadymy taryhymyzdan gözbaş alýar. Haýyr-sahawat etmek halkymyzyň asylly däbidir. Bu ýol häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň çagalarynyň bagtyýar durmuşyny, röwşen geljegini üpjün etmek döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Munuň üçin döwletimiziň berk binýady bar” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Milli Liderimiz häzirki döwürde çagalaryň döwrebap bilim alyp, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigini, nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmagynyň, jemgyýetde öz ornuny tapmagynyň, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginiň her bir adamyň isleg-arzuwydygyny aýtdy.
“Halkymyzda «Öý ýaraşygy — çaga» diýlişi ýaly, çagalary goldamak, hemaýat bermek, olaryň geljegi hakynda alada etmek biziň baş maksadymyzdyr. Gaznamyzyň döredilen gününden bäri köp işler amala aşyryldy. Kömege mätäç çagalaryň müňlerçesine yzygiderli goldawlar berildi. Bu çagalar häzirki wagtda sagdyn durmuşyň şatlygyny duýup ýaşaýarlar. Olaryň döredijilige, ylym-bilime, sporta höwesini göreniňde, buýsanjyň has-da artýar. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýlişi ýaly, ýaşuly nesliň wekilleri bilen häzirki nesilleriň arabaglanyşygyny aýratyn bellemek isleýärin. Birek-birege hormat-sarpa goýmak, halypa-şägirtlik, öwüt-ündew halkymyzyň durmuşyna giňden ornaşandyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi hem bu babatda netijeli işleri alyp barýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Geçen ýyl haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat ýokary derejede geçirildi. Bu maslahat gaznanyň halkara derejedäki abraýyny has-da artdyrdy. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlar onuň alyp barýan işine ýokary baha berdiler.
“Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna häzirki wagta çenli dünýäniň köp ýurtlarynyň dürli ýagdaýlar sebäpli kynçylyga uçran çagalaryna ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy. Biz ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwer däplere eýerip, bu asylly işleri mundan beýläk-de dowam etdireris. Çagalar bagta, mähre mynasypdyr! Çagalar parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!” diýip, Milli Liderimiz nygtady.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, geljegimiz bolan ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler, Watanymyzyň abraýyny belende göterjek ýaşlar bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank