
Resmi habarlar
Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
***
Beýik ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz eýerip, ýagşylyk etmek, rehimdarlyk, ynsanperwerlik baradaky taglymatlaryny goldanyp, ýurtlaryňdyr halklaryň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmaga çalşyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi.
***
“Diplomatik gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek hünärmenleri we dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkezini açmak bellenildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde, Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Serdar Jumaýewiç Muhammetdurdyýew, şol bir wagtda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Berdiniýaz Gurbanberdiýewiç Mätiýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahmet Kakabaýewiç Gurbanow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atageldi Baýjanowiç Haljanow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Naýrobidäki (Keniýa Respublikasy) edarasynyň (UNON), Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-HABITAT) ýanyndaky (oturýan ýeri Ženewa şäheri) hemişelik wekili wezipelerinden boşadyldy.
(TDH)