Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi ýük we ýolagçy liftlerini satyn almak boýunça halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi ýük we ýolagçy liftlerini satyn almak boýunça halkara bäsleşigiň möhletiniň 2026-njy ýylyň 25-nji apreline çenli uzaldylýandygyny mälim edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça arza bermeli;
— tehniki tabşyrygy we bäsleşik resminamalaryny almaly;
— bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin degişli möçberde töleg tölemeli.
Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.
Teklipler şu bildiriş çap edilenden soňra, 30 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.
Bellik: ofşor zonalarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalardan teklipler kabul edilmeýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-71-77, 40-71-96, 40-71-83.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank