TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda döwlet we jemgyýetçilik işgärleri ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren asylly däplerini özünde jemleýän bu bahar baýramynyň ýazyň gelendigini, tebigatyň janlanýandygyny, halklaryň parahatçylyga, döredijilige ymtylyşyny alamatlandyrýandygyny nygtaýarlar. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işinde egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler.

Milli bahar baýramy bilen döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti А.Aşirow, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew, «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň baş direktory G.Mämmedowa gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy W.Petruk, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý, “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy A.Tislenko, «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk gutlag hatlaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi Halkara Nowruz güni bilen bilim ministri J.Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow, Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M.Kuliýewa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory H.Kadyrow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kuliýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory A.Atabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Ataýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Çaryýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow, Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory H.Nunnaýew, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory M.Öwezow hem-de beýlekiler mähirli gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy M.Çaryýew, “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory K.Rejebow, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň baş redaktory M.Alimowa, “Adalat” gazetiniň baş redaktory M.Nuryýew, “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory O.Allaberdiýewa, “Mugallymlar gazeti” gazetiniň baş redaktory S.Nurberdiýew, “Aşgabat” gazetiniň baş redaktory A.Mämmedow, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktory B.Myradow, “Arkadag” gazetiniň baş redaktory G.Mämiýew, “Watan” gazetiniň baş redaktory T.Kakaýewa, “Nesil” gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew, “Esger” gazetiniň baş redaktory S.Myradow, “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory G.Amangeldiýew, “Diýar” žurnalynyň baş redaktory J.Toryýewa, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, “Garagum” žurnalynyň baş redaktory S.Şaýymow, “Zenan kalby” žurnalynyň baş redaktory M.Taýjykowa, “Güneş” žurnalynyň baş redaktory G.Babaýewa, Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşigiň başlygy B.Nurberdiýew, Metbugat merkeziniň başlygy G.Amanow gutlag hatlaryny ýolladylar.

Döwlet Baştutanymyza Mary şäheriniň häkimi A.Bäşimow, Bäherden etrabynyň häkimi S.Çopanow, Kerki etrabynyň häkimi M.Gaýipow, Akdepe etrabynyň häkimi Y.Gowşudow, Garaşsyzlyk etrabynyň häkimi M.Jumamuradow, Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy K.Rozmetow, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy B.Ataýew, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory G.Gulgeldiýew, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktory M.Annagulyýewa we köp sanly beýlekiler iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

(TDH)