TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistan — Hytaý: baky dostlugyň ýyl ýazgysynda täze sahypa

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparyny amala aşyrdy. Aýratyn ynanyşmak ýagdaýynda geçen bu sapar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň Ýewraziýada durnuklylygyň arhitekturasyny kesgitleýän hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykandygynyň aýdyň güwäsi boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen taryhy duşuşygynyň Hytaý Täze ýylynyň soňky güni bilen Nowruz baýramynyň sepgidine gabat gelmeginde aýratyn many bardyr. Si Szinpiniň belleýşi ýaly, bu iki baýramyň gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, döwletara gatnaşyklarda bahar täzelenişini alamatlandyrýar.

Hytaýyň “Ženmin Žibao”, “Sinhua” ýaly iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Milli Liderimiziň saparyny giňden şöhlelendirip, ony “döwür üçin ähmiýetli waka” diýip atlandyrdylar. “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Pekine şu gezekki saparyna mizemez dostlugyň we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany hökmünde garalýar. Iki Lideriň duşuşygynyň Hytaý Täze ýylynyň we Nowruz baýramynyň sepgidine gabat gelmegi iki beýik döwletiň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup, gatnaşyklarymyzyň gülläp ösüş döwrüne gadam urýandygyny alamatlandyrýar” diýlip “Sinhuanyň” berýän habarlarynda bellenilýär. Hytaýyň öňdebaryjy bilermenleri Türkmenistanyň HHR-iň Merkezi Aziýada ygtybarly hyzmatdaşy, Gahryman Arkadagymyzyň syýasy abraýynyň bolsa bu mizemez hyzmatdaşlygyň kepili bolup durýandygyny nygtaýarlar.

Häzirki türkmen-hytaý dialogy gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Taryhy maglumatlara görä, biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda Hytaý imperatory U Diniň ilçisi Çžan Sýan Parfiýa gelende uly hormat bilen garşylanypdyr. Hut şonda ilçiniň üsti bilen hytaý imperatoryna ilkinji behişdi bedew sowgat iberilipdir.

Gahryman Arkadagymyz dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň “CGTN” teleýaýlymyna beren interwýusynda: “Şu ýerde özboluşly resminama bolan «Kasam şertnamasyny» ýatlamak ýerlikli bolsa gerek. Oňa türkmenleriň ata-babalary Hytaýyň halky bilen biziň eýýamymyzdan ozalky 49-njy ýylda gol çekipdirler. «Kasam şertnamasynyň» adynyň özi iki halkyň özara gatnaşyklarynyň esasynda synmaz we mukaddes kadalaryň goýlandygyny görkezýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylary örän baý taryhy esaslara daýanyp, hyzmatdaşlygyň şol ruhuny hem-de däplerini dikeldýärler. Döwletara gatnaşyklaryň taryhynyň müňýyllyklara, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrüne uzap gidýändigine iki ýurtda hem düşünmek bilen garalýar. Bu bolsa biziň uly gymmatlygymyzdyr, dostlugymyzyň, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygymyzyň hemişelik esasydyr” diýip belledi.

Bu gün Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy netijesinde bu gadymy söwda ýoluna täze badalga berilýär. Gepleşikleriň dowamynda Milli Liderimiz we Hytaýyň Başlygy deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasyndaky dünýä gurluşy babatda ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini tassykladylar. Gahryman Arkadagymyz Hytaýyň öňe sürýän Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş we Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady. Bu konsepsiýalar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň “Dialog — parahatçylygyň kepili”, “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýaly filosofiýasyna many-mazmun taýdan gabat gelýär.

Ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) arasyndaky giň möçberli hyzmatdaşlyga 20 ýyl dolýar. Şol geçen döwürde halklaryň arasynda energetika köprüsi bolup çykyş edýän asyryň taslamasy — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi durmuşa geçirildi.

Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri “CNPC-niň” direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy. Söhbetdeşlikde “Galkynyş” gaz känini mundan beýläk-de özleşdirmek boýunça anyk işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu käniň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselä aýratyn üns berildi. Bu taslama türkmen mawy ýangyjynyň gündogar ugur boýunça eksportyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Hytaýly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalaryň diňe bir ykdysady däl, eýsem, durmuş ugurly ähmiýeti hem bar. “Galkynyş” gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi täze iş orunlarynyň müňlerçesini döretmäge mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz “CNPC” bilen hyzmatdaşlygyň şanly 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmegi teklip etdi. Bu forum tehnologik tejribe alyşmak üçin özboluşly meýdança öwrüler.

Sebit gün tertibiniň meseleleri babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň strategik ähmiýetine ünsi çekdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan bu taslama sebitiň logistika ulgamynyň üstüni ýetirip, Merkezi Aziýa sebitini Ýewraziýa kommunikasiýalarynyň wajyp merkezine öwürýär.

Saparyň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewiniň sowgat berilmegi ähmiýetli waka boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan berlen bu sowgat hakyky dostlugyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. HHR-iň Başlygy sowgady hoşallyk bilen kabul edip, 12 ýyl mundan ozal oňa Gahryman atly bedewiň hem sowgat berlendigini ýatlady. Si Szinpin “At — myrat”, “At agynan ýerde toý bolar” ýaly türkmen nakyllaryny mysal getirip, Hytaýda ahalteke bedewlerine uly sarpa goýulýandygyny nygtady.

Gepleşikleriň dowamynda atşynaslyk pudagynda gatnaşyklary giňeltmäge hem-de tejribe alyşmaga özara taýýarlyk tassyklanyldy. Si Szinpin ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamak babatda türkmen tejribesiniň nusgalyk bolup durýandygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga-da täze itergi berildi. Si Szinpin hem-de Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda “Lu Ban ussahanalaryny”, Adaty hytaý lukmançylyk merkezini açmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. “Lu Ban ussahanalaryny” açmak arkaly ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hünärmenleriň täze neslini kemala getirmekde oňyn netijeleri berer. Bu merkezlerde sanly ykdysadyýet üçin hünärmenler taýýarlanylar, ýaşlar emeli aň, robototehnika, döwrebap senagat ulgamlary bilen işlemegiň inçe tärlerini özleşdirerler. Adaty hytaý lukmançylyk merkeziniň döredilmegi bolsa milli saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryny özboluşly lukmançylyk usullary bilen sazlaşykly utgaşdyryp, ildeşlerimize ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge ýol açar. Şeýle hyzmatdaşlyk Hytaýyň innowasion bilim standartlaryny, gadymy lukmançylyk tejribesini ýurdumyzyň durmuş infrastrukturasyna ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Ylym-bilim ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolmagynda galýar. Milli Liderimiz HHR-iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplaryna bilim almaga döredilýän mümkinçilik üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem taraplar intellektual eýeçilik we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda tejribe alyşmagy giňeltmek barada ylalaşdylar. HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň ekologiýa syýasatyna ýokary baha berip, oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi. “Ýaşyl” energetika ulgamynda durmuşa geçiriljek bilelikdäki taslamalar iki ýurduň hem geljek nesilleriň abadan durmuşyna jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär.

Si Szinpin oba hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça tekliplere aýratyn üns berdi. Hytaý tarapy Türkmenistana suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, ýokary öndürijilikli tehnikalar babatda öňdebaryjy işläp taýýarlamalary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Uzak möhletleýin geljekde munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ýokary tehnologiýaly pudaga öwürmäge şert döreder.

Pekinde geçirilen duşuşyk ýokary derejedäki ikitaraplaýyn syýasy dialogyň yzygiderli ösdürilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. BMG-niň we “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde başlangyçlaryň özara goldanylmagy iki ýurda ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak meselelerinde tagallalary utgaşdyrmaga ýardam berýär.

Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Si Szinpiniň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň bilelikdäki dostlukly gezelenjine aýratyn üns berdiler. Milli Liderimiziň we HHR-iň Başlygynyň resmi däl görnüşdäki dialogy özara ynanyşmagyň ýokary derejesiniň aýdyň beýany boldy. Bu bolsa strategik ähmiýetli çözgütleri kabul etmek üçin binýady döredýär.

Türkmen tarapy “Bitewi Hytaý” syýasatyny üýtgewsiz goldaýandygyny tassyklady, hytaý tarapy bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine çuňňur hormat goýýandygyny ýene-de bir gezek beýan etdi. Iki ýurduň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň özara ykrar edilmegi döwletara dialogyň, uzak möhletli durnuklylygyň kepili bolup durýar. Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda senagat ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň, ýokary goşulan bahaly önümleriň bilelikdäki önümçiliklerini ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi.

Ulag-logistika pudagy-da hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň ulanylmagy, Gündogar — Günbatar ugry boýunça multimodal ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi Hytaýa Türkmenistanyň çägi bilen Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna gysga ýol bilen çykmaga mümkinçilik berer.

Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiziň adyndan Si Szinpine Türkmenistana gelmäge çakylygyny gowşurmagy saparyň möhüm netijeleriniň biri boldy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Munuň özi ýokary derejedäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini görkezýär. Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler, gazanylan her bir ylalaşyk bolsa umumy abadançylygyň binýadyna goşulýan goşantdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlary hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini talap edýär, Gahryman Arkadagymyzyň HHR-e amala aşyran dostluk sapary bolsa milli bähbitleriň ählumumy ösüş maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň mysalydyr. Türkmen halky Milli Liderimiziň halkara giňişlikdäki üstünliklerine buýsanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasy Türkmenistanyň dünýä syýasatyndaky eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

(TDH)