Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dabaraly bellenilen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hatlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren asylly ýörelgelerini özünde jemleýän bu ajaýyp baýramyň bahar paslynyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýandygy, halklaryň parahatçylyk we döredijilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň beýanyna öwrülendigi nygtalýar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine öňde goýlan ähli meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyza medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan B.Seýidowa, A.Şamyradow, M.Rejepow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi Nowruz baýramy bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy G.Garlyýew, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Wolsahatow, Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy A.Durdyýewa tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramow, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýew, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Baýramow, Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ý.Serýaýew, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Amannazarow, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Palwanow, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Annaýew, Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedow, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Geldynazarow, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Öwezow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Y.Gaýypow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) baş konsuly G.Ataýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) baş konsuly Ö.Jumanazarow, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) baş konsuly Y.Amanow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) baş konsuly G.Garaýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly G.Ilamanow, Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazari-Şarif şäheri) baş konsuly B.Kabaýew, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly B.Ýolow, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly M.Abdyllaýew, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly M.Özbekbaýew we beýlekiler iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank