Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Arkadag şäheri, 21-nji mart (TDH). Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde-de ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilen günlerinde guralan asylly çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň çar künjeginde giň möçberli tokaý zolaklary, döwrebap seýilgähler döredilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy. Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy sogap işe gatnaşýanlaryň ruhuny has-da belende göterdi. Munuň özi giň möçberli çäreleriň medeni maksatnamasyna aýratyn üns berilýändiginiň beýanydyr. Sungat ussatlary hoş owazly aýdymlary bilen milli sungatymyzy ösdürmek ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Diýarymyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky hem-de güýzki möwsümleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň tebigy serişdelerine aýawly çemeleşmek, ýakymly howa gurşawyny döretmek meselelerine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.
Dabara gatnaşýan oglanjyk ajaýyp goşgy setirleriniň üsti bilen Gahryman Arkadagymyzdan ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi. Milli Liderimiz bag nahalyny oturdyp, sogap işe badalga berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň asylly işe körpe nesliň wekili bilen bilelikde badalga bermegi ýurdumyzda peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyz sogap işe gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyň nyşany hökmünde oňa sowgat gowşurdy.
Oglanjyk Milli Liderimizden özi bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdi. Hormatly Arkadagymyz oglanjygyň haýyşyny kanagatlandyryp, onuň bilen ýadygärlik surata düşdi we körpe nesilleriň alýan bilimi, oglanjygyň höwes edýän hünäri bilen gyzyklandy. Oglanjyk okuwyndan daşary, çeper döredijilik bilen meşgullanmaga, sanly ulgamyň täzeçil usullaryny özleşdirmäge höwes edýändigi barada gürrüň berdi.
Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, agzybirlikde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtdylar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Diýarymyzyň ekologik ýagdaýy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Şunda köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi bu asylly işiň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, şäheriň çäklerinde degişli ekologik derejäni saklamak, onuň çäklerinde arassaçylygy üpjün etmek boýunça edilýän giň möçberli tagallalar barada maglumat berildi.
Gahryman Arkadagymyz ekologiýa babatda köp sanly halkara güwänamalara mynasyp bolan “akylly” şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, bu ýerde ýokary ekologik derejäni üpjün etmek boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy babatda maslahatlaryny berdi. Şu gezekki ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti esasynda hem bu ýerde bag nahallary oturdyldy.
Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek boýunça geçirilýän çäreler täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, amatly howa şertleriniň emele gelmegine ýardam berýär. Munuň özi ekologik howpsuzlygyň, ilatyň saglygynyň, abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar.
Milli Liderimiz dabara gatnaşýanlaryň bilelikdäki yhlasy netijesinde täze şäheriň ekologik ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýän sogap işleriň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady. Şunda medeniýet we sungat ussatlarynyň milli gymmatlyklarymyzy, türkmen topragyny mynasyp derejede wasp etmekleriniň ähmiýetine üns berildi. Asyrlaryň dowamynda sungat ussatlary, bagşy-sazandalar halkymyzyň durmuşynda wajyp ähmiýeti bolan şanly wakalara özboluşly bezeg beripdirler. Bu ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap dowam etdirilmegi asylly işlere özboluşly öwüşgin çaýýar.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň birine öwrülen ählihalk bag ekmek dabarasynda sungat ussatlarynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Meşhur estrada aýdymçylary joşgunly aýdym-sazlary bilen bagtyýar zamanamyzy we asylly işleri amala aşyrýan halkymyzyň döredijilikli zähmetini wasp etdiler. Olaryň çykyşlary ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly işleriniň senasy bolup ýaňlandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sungat ussatlarynyň çykyşlaryna minnetdarlygyň nyşany hökmünde olara toý serpaýlaryny gowşurdy. Gahryman Arkadagymyzyň adyndan dabaraly çykyşlara gatnaşyjylaryň ählisine, şol sanda körpe nesillere toý serpaýlarynyň gowşurylmagy ýatda galyjy pursatlara beslendi. Bagşy-sazandalar, tansçylar, beýleki dabara gatnaşyjylar gowşurylan toý serpaýlary hem-de süýjülikli sowgatlar üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank