TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Onuň Alyhezreti, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti jenap K.K.TOKAÝEWE

Çuňňur hormatlanylýan Kasym-Žomart Kemelewiç!
Gadyrly doganym!

Siziň ajaýyp ýurduňyzyň çäkleriniň üstünden uçup barýarkam, onuň daglaryny, köllerini, baharda göm-gök öwüsýän çemenzarlyklaryny, uç-gyraksyz giňişliklerini höwes bilen synlap, beýik Abaý Kunanbaý oglunyň:

Bahar ýene dünýämize dolandy,
Guşlar gök ýaprakly pudaga gondy.
Ata mähri bilen ýylgyrdy Günem,
Oň mährine janly-jandar oýandy —

diýen setirlerini ýatlaýaryn. Şunuň bilen baglylykda, gazak halky bilen gadymy dostluk, hakyky doganlyk we garyndaşlyk babatdaky duýgularymy ýene-de bir gezek beýan etmek isleýärin. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Gazagystanyň gazanan ägirt uly üstünliklerine hemişe hoşniýetli goňşuçylyk duýgusy bilen guwanýarys.

Siziň Gazagystanyň syýasy ulgamyny pugtalandyrmaga, ýurduň halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm strategik reformalary we özgertmeleri üstünlikli geçirmegiňiz bilen bagly doganlyk goldawymyzy beýan etmek hiç haçan giç däl diýip hasap edýärin. Şu baharyň Gazagystan üçin täzelenişiň, şatlygyň, agzybirligi we ylalaşygy gazanmakda täze ýeňişleriň bahary boljakdygyna ynanýaryn.

Gadyrly doganym, Size berk jan saglyk, ýurda ynamly ýolbaşçylyk etmekde üstünlikleri, ähli gazagystanlylara bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

2026-njy ýylyň 19-njy marty.