TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Olarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenilýär. Gutlag hatlaryny iberenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň görlüp-eşidilmedik belent sepgitleri eýeleýändigini nygtamak bilen, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimize Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)