TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Mukaddes aýyň sogaply çäresi

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti we türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ag­za­çar sa­da­ka­sy­ny ber­di­ler

Aş­ga­bat, 14-nji mart (TDH). Şu gün paý­tag­ty­my­zyň gö­zel kün­je­gin­de ýer­leş­ýän “Halk ha­ky­da­sy” ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­myn­da ha­jy Ar­ka­da­gy­myz we Ar­ka­dag­ly ha­jy Ser­da­ry­myz ag­za­çar sa­da­ka­sy­ny ber­di­ler. Oňa ýur­du­my­zyň müf­tü­si, äh­li we­la­ýat­la­ryň, Aş­ga­bat hem-de Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň ymam­la­ry, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, di­li se­na­ly ene­ler, köp san­ly ýaş­lar gat­naş­dy­lar. Mu­nuň özi “Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny” ýy­ly­nyň mü­bä­rek Ora­za aýy­nyň mu­kad­des Ga­dyr gi­je­si­niň öňü­sy­ra­syn­da amal edil­ýän so­gap iş­le­riň üs­tü­ni ýe­tir­di.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýa­kyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz mu­kad­des Ora­za aýy­nyň ke­ra­mat­ly Ga­dyr gi­je­si­niň öňü­sy­ra­syn­da ýur­du­my­zyň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­nyň, di­li se­na­ly ene­le­riň, we­la­ýat­la­ryň ymam­la­ry­nyň, din we­kil­le­ri­niň, ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ag­za­çar sa­da­ka­sy­nyň be­ril­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­läp­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, mu­nuň özi ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ta­ry­hyň do­wa­myn­da dö­re­den asyl­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ne go­ýul­ýan sar­pa­nyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rü­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, “Halk ha­ky­da­sy” ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­myn­da ha­jy Ar­ka­da­gy­myz we Ar­ka­dag­ly ha­jy Ser­da­ry­myz bi­le­lik­de ag­za­çar sa­da­ka­sy­ny ber­di­ler.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ora­za aýy­nyň Ga­dyr gi­je­si­niň hor­ma­ty­na ag­za­çar sa­da­ka­sy­nyň be­ril­ýän ýe­ri­ne gel­di­ler. Bu ag­za­çar sa­da­ka­sy­nyň be­ril­me­gi ke­ra­mat­ly aýyň so­ga­by­ny art­dy­ryp, ke­rem­li gün­le­riň ýag­şy des­sur­la­ra bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­nydyr.

Türk­men hal­ky Ora­za aýy­na aý­ra­tyn hor­mat-sar­pa bi­len ga­rap, ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri ony mu­kad­des sa­ýyp gel­ýär. Asyl­ly iş­ler hem-de yn­san­per­wer ýö­rel­ge­ler amal edil­ýän mu­kad­des aýyň her bir gü­ni so­gap iş­le­re bes­len­ýär. Asyr­lar aşyp gel­ýän ýag­şy des­sur­la­ra la­ýyk­lyk­da, şä­her­ler­de we oba­lar­da ag­za­çar sa­da­ka­la­ry be­ril­ýär. On­da mil­li ta­gam­lar taý­ýar­la­nyp, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy ba­ra­da do­ga-di­leg edil­ýär.

Paý­has­ly pe­der­le­ri­miz ta­ry­hyň do­wa­myn­da dün­ýä nus­ga­lyk baý me­de­ni mi­ra­sy, mil­li gym­mat­lyk­la­ry, aja­ýyp däp-des­sur­la­ry ke­ma­la ge­tir­di­ler. Ora­za aýy­na we ha­ýyr-sa­ha­wa­tyň mü­bä­rek gi­je­si hök­mün­de yk­rar edi­len Ga­dyr gi­je­si­ne aý­ra­tyn hor­mat go­ýul­ýar. Ol gün ke­rem-ke­ra­ma­tyň gi­je­si ha­sap­la­nyp­dyr. Ga­dyr gi­je­si­niň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ren ag­za­çar sa­da­ka­sy asyr­lar aşyp gel­ýän ýag­şy des­sur­la­ryň hä­zir­ki döw­rüň ru­hu­na ky­bap de­re­je­de dowam etdirilýändiginiň no­bat­da­ky aý­dyň my­sa­ly­na öw­rül­di.

Mu­kad­des Ora­za aýy­nyň do­wam ed­ýän gün­le­rin­de, aý­ra­tyn-da, mü­bä­rek Ga­dyr gi­je­si­niň öňü­sy­ra­syn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän asyl­ly iş­ler hal­ky­my­zyň yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­re yg­rar­ly­dy­gy­ny no­bat­da­ky ge­zek äş­gär ed­ýär. Bu aý­da tu­tuş ys­lam dün­ýä­sin­de bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da hem so­gap iş­ler amal edil­ýär. Ora­za aýyn­da ag­za­çar sa­da­ka­la­ry­nyň be­ril­me­gi asyl­ly däp­dir.

...Ha­jy Ar­ka­da­gy­myz ag­za­çar sa­da­ka­sy­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Ga­raş­syz Di­ýa­ry­myz­da mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zy ber­jaý et­mek üçin äh­li şert­le­riň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni, ra­ýat­la­ry­my­zyň mu­kad­des ýer­le­re zy­ýa­rat edip, met­jit­le­re ba­ryp, do­ga-di­leg­le­ri ed­ýän­dik­le­ri­ni nyg­ta­dy we şu gün hem hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän asyl­ly dä­bi­ne eýe­ri­lip, Re­me­zan aýyn­da ag­za­çar sa­da­ka­sy­na jem­le­ni­len­di­gi­ni bel­le­di. “Bil­şi­ňiz ýa­ly, er­tir — mu­kad­des Ga­dyr gi­je­si. Türk­men hal­ky — gur­sa­gy Al­la­ly halk. Ys­lam di­ni­niň gym­mat­lyk­la­ry bi­ziň öň­den gel­ýän türk­men­çi­lik däp­le­ri­miz bi­len berk bag­ly­dyr. Mu­kad­des Ora­za aýyn­da ag­za­çar sa­da­ka­sy­ny ber­mek hem asyl­ly, so­gap iş­le­riň bi­ri­dir” di­ýip, ha­jy Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy hem-de mü­bä­rek Ora­za aýyn­da tu­tul­ýan ora­za­la­ryň, ýag­şy do­ga-di­leg­le­riň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg et­di.

Mil­li Li­de­ri­miz çy­ky­şy­ny ta­mam­lan­dan soň­ra, Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si te­bä­rek çyk­dy. Ol ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly ha­jy Ser­da­ry­my­zyň be­ren ag­za­çar sa­da­ka­sy­nyň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg et­di. Te­bä­rek çy­ky­lan­dan soň­ra, sa­da­ka gat­na­şy­jy­la­ra dür­li ta­gam­lar çe­kil­di. Mu­nuň özi göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan, dö­wür­le­ri hem-de ne­sil­le­ri bag­la­nyş­dyr­ýan mil­li däp-des­sur­la­ryň hä­zir­ki dö­wür­de do­wa­ma­ta ata­ryl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Jem­gy­ýe­tiň ru­hy sag­dyn­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ah­lak kä­mil­li­gi­ne ym­tyl­mak, ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sa sar­pa goý­mak, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýän däp­le­ri­ni hä­zir­ki döw­rüň ru­hu­na ky­bap de­re­je­de ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Pe­der­le­ri­miz Ora­za aýy­ny aý­la­ryň ýag­şy­sy, Ga­dyr gi­je­si­ni bol­sa gi­je­le­riň ser­we­ri ha­sap­lap­dyr­lar. Ony ag­zy­bir­lik­de, ýag­şy ni­ýet­ler, iň go­wy umyt-ar­zuw­lar bi­len gar­şy alyp­dyr­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de bu ýö­rel­ge­le­riň ös­dü­ril­me­gi­ne döw­let de­re­je­sin­de äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň ru­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ryň esa­syn­da saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­me­gin­de aý­ra­tyn or­na eýe­dir.

Hä­zir­ki wagt­da jem­gy­ýet­de ag­zy­bir­li­giň we je­bis­li­giň ber­ki­dil­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­ler hal­ky­my­zyň yn­san­per­wer däp­le­ri­niň tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.

...Ag­za­çar sa­da­ka­syn­da dür­li ta­gam­lar­dan da­dy­lan­dan soň­ra, Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si aýat-tö­wir oka­dy.

Ha­jy Ar­ka­da­gy­myz ag­za­çar sa­da­ka­sy­na gat­na­şan­dyk­la­ry üçin hem­me­le­re sag­bol­sun aýt­dy we hal­ky­my­zyň he­mi­şe aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny ar­zuw­lap edi­len do­ga-di­leg­le­riň, oka­lan aýat-tö­wir­le­riň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny ar­zuw et­di.

“Halk ha­ky­da­sy” ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­myn­da ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly ha­jy Ser­da­ry­my­zyň be­ren ag­za­çar sa­da­ka­sy pe­der­le­ri­mi­ziň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň hä­zir­ki dö­wür­de my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­niň bäh­bi­di­ne ne­sil­le­riň mi­ze­mez ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň üp­jün edil­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­di.