TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip

Aş­ga­bat, 14-nji mart (TDH). Mü­bä­rek Ora­za aýy­nyň do­wam ed­ýän gün­le­rin­de Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň hal­ky­na we ça­ga­la­ry­na Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň adyn­dan yn­san­per­wer­lik ýü­ki ug­ra­dyl­dy. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hyň do­wa­myn­da dö­re­den ýag­şy des­sur­la­ry­nyň, asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň hä­zir­ki döw­rüň ru­hu­na ky­bap de­re­je­de do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky aý­dyň gü­wä­si­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň de­giş­li Buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da, goň­şy eý­ran hal­ky­na, il­kin­ji no­bat­da, bu ýur­duň ça­ga­la­ry­na der­man we sag­ly­gy go­ra­ýyş mak­sat­ly se­riş­de­ler, beý­le­ki önüm­ler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň nyşany hök­münde ibe­ril­di. Bu çä­re Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek bo­ýun­ça öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­nyň Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar.

Türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän yn­san­per­wer­lik, re­him­dar­lyk ýa­ly ýag­şy des­sur­la­ry kö­me­ge mä­täç­le­re ho­wan­dar­lyk go­lu­ny uzat­mak ar­ka­ly do­wa­ma­ta ata­ryl­ýar. Eý­ran­ly ça­ga­la­ra ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň adyn­dan yn­san­per­wer­lik ýü­kü­niň ug­ra­dyl­ma­gy “Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny” ýy­ly­nyň mu­kad­des Ora­za aýyn­da so­gap­ly iş­le­riň amal edil­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di.

Hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan yn­san­per­wer­lik ýü­kü­ni ug­rat­mak çä­re­si­ne gat­na­şy­jy­lar ýa­kyn goň­şu­la­ra kyn pur­sat­lar­da he­ma­ýat ber­me­giň, do­gan­lyk go­lu­ny uzat­ma­gyň türk­men hal­ky­nyň göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­si­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Şeý­le so­gap­ly iş­ler­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len döredilen Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­na mö­hüm orun de­giş­li­dir.

Çä­rä gat­na­şy­jy­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ka­bul eden çöz­gü­di­ne la­ýyk­lyk­da, goň­şy ýur­duň ça­ga­la­ry­na ru­hy taý­dan gol­daw ber­mek mak­sa­dy bi­len, ola­ra do­gan­lyk go­lu­ny uzat­ma­gyň türk­men hal­ky­na mah­sus däp­le­riň bi­ri­di­gi­ni bel­läp, bu yn­san­per­wer­lik ýü­kü­niň ug­ra­dyl­ma­gy­nyň ýur­du­my­zyň hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­ny äş­gär ed­ýän­di­gi­ne ün­si çek­di­ler. Hä­zir­ki dö­wür­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan asyl­ly iş­le­ri­niň Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len, ýur­du­myz­da yn­san­per­wer ýö­rel­ge­ler bar­ha ro­waç­lan­ýar. Bu iş­le­riň mü­bä­rek Ora­za aýy­nyň aý­ra­tyn so­gap­ly Ga­dyr gi­je­si­niň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­me­gin­de çuň­ňur ma­ny bar­dyr. Mu­nuň özi kö­me­ge mä­täç­le­re gol­daw ber­mek ýa­ly ýag­şy des­sur­dan aý­dyň ny­şan­dyr.

Soň­ky ýyl­lar­da Mil­li Li­de­ri­mi­ziň we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň ejir çe­ken ça­ga­la­ry­na yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­ni ug­rat­mak asyl­ly dä­be öw­rül­di. Ol Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň yn­san­per­wer­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, öza­ra gol­daw ber­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da dö­re­di­len Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry şu­lar ba­ra­da aý­dyp, goň­şy ýur­duň ça­ga­la­ry­na ni­ýet­le­nen yn­san­per­wer­lik kö­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ne aý­ra­tyn ün­si çek­di­ler. Şeý­le hem olar goň­şy ýur­da ibe­ril­ýän üs­ti ýük­li ker­we­niň ýo­lu­nyň ak bol­ma­gy­ny, ýü­küň sag-aman ba­ryp go­wuş­ma­gy­ny Be­ýik Bi­ri­bar­dan di­leg et­di­ler.

***

Goň­şy ýur­duň ça­ga­la­ry­na ni­ýet­le­nen yn­san­per­wer­lik kö­me­gi ug­ra­dy­lan­dan soň­ra, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da dö­re­di­len Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry ýur­du­my­zyň din we­kil­le­ri bilen bi­le­lik­de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň çä­gin­de bi­na edil­ýän 30 müň orun­lyk met­ji­diň gur­lu­şy­gy we onuň iç­ki be­zeg iş­le­rin­de ula­nyl­ýan se­riş­de­ler bi­len ta­nyş­dy­lar.

Asyl­ly iş­le­ri, re­him-şe­pa­gat­ly­ly­gy esa­sy ugur edin­ýän Ora­za aýy­nyň her bir gü­nün­de so­gap­ly iş­le­ri na­zar­la­ýan ýag­şy des­sur­lar amal edil­ýär. Met­jit­ler mu­sul­man dün­ýä­sin­de ylym we bi­lim mer­kez­le­ri bo­lup, jem­gy­ýe­tiň ru­hy dur­mu­şy­nyň jem­len­ýän ýe­ri ha­sap­lan­ýar. Ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, met­jit şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mi­ras go­ýan yn­san­per­wer ka­da­la­ry­na hem-de be­lent ah­lak çel­gi­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da bi­na edil­ýär. Ar­ka­dag şä­he­rin­de-de hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk däp-des­sur­la­ry­nyň do­wa­ma­ta ata­ryl­ma­gyn­da, so­gap iş­le­riň amal edil­me­gin­de mö­hüm or­ny eýe­le­jek tä­ze met­ji­diň gur­lu­şy­gy bat­ly dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar.

Şu gün ýur­du­myz­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň hal­ky­na yn­san­per­wer­lik ýü­kü­niň ug­ra­dyl­ma­gy we köp san­ly ýa­şu­lu­la­ryň, ene­le­riň, ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ag­za­çar sa­da­ka­sy­nyň beril­me­gi ke­ra­mat­ly Ga­dyr gi­je­si­niň öňü­sy­ra­syn­da­ky so­gap iş­le­riň üs­tü­ni ýe­tir­di.

Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de iň uly met­jit­le­riň bi­ri bol­jak Ar­ka­dag şä­he­ri­niň 30 müň orun­lyk met­ji­di­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň daş­ky gör­nü­şi­ne, iç­ki be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na örän jo­gap­kär­çi­lik­li we hem­me­ta­rap­la­ýyn esas­da çe­me­le­şil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, met­ji­diň “akyl­ly” şä­he­riň bi­na­gär­lik keş­bi bi­len aja­ýyp saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­me­gi­ne, onuň mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk de­re­je­dä­ki gö­zel­li­gi­niň üp­jün edil­me­gi­ne ze­rur üns be­ril­ýär. Met­ji­diň gur­lu­şy­gyn­da mil­li ýö­rel­ge­ler bi­len hä­zir­ki za­man bi­na­gär­li­gi­niň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si ut­gaş­dy­ryl­ýar. Bu bol­sa ka­şaň bi­na­nyň öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny şert­len­di­rer.

Asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len yn­san­per­wer ýö­rel­ge­ler türk­men hal­ky üçin be­lent mak­sat­la­ra ta­rap ynam­ly öňe git­mek­de mi­ze­mez erk-is­le­giň, güýç-kuw­wa­tyň çeş­me­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Mil­li däp-des­sur­la­ryň aý­ra­tyn gym­mat­ly­gy ola­ryň ne­sil­le­riň we dö­wür­le­riň do­wa­mat­ly­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän­di­gi, ýaş­la­ry ulu­la­ra hor­mat goý­mak, ru­hu­be­lent­lik ýö­rel­ge­le­rin­de ter­bi­ýe­le­mek­dä­ki äh­mi­ýe­ti bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu ýö­rel­ge­ler türk­men­le­riň dün­ýä­ga­raý­şy­nyň, ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­niň esa­sy­ny düz­ýär.

...Ar­ka­dag şä­he­rin­dä­ki met­ji­diň gur­lu­şy­gy­nyň do­wam ed­ýän ýe­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si Ora­za aýyn­da be­ril­ýän sa­da­ka­la­ryň, edil­ýän do­ga-di­leg­le­riň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg edip, aýat oka­dy. On­da ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň ber­ka­rar bol­ma­gy ug­run­da yzy­gi­der­li ta­gal­la ed­ýän ha­jy Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly ha­jy Ser­da­ry­my­zyň tu­tum­ly iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç bol­ma­gy ba­ra­da­ky di­leg­ler be­ýa­ny­ny tap­dy.

Soň­ra ýa­şu­lu­lar we din we­kil­le­ri Ar­ka­dag şä­he­ri­niň çä­gin­de bi­na edil­ýän met­ji­diň ýa­nyn­da ýer­leş­ýän sa­da­ka ja­ýy­na ba­ryp gör­dü­ler. Bu ýer­de şan­ly se­ne­ler, ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýän baý­ram­çy­lyk­lar, mu­kad­des Ora­za aýy my­na­sy­bet­li giň ge­rim­li çä­re­le­ri, äh­li­halk sa­da­ka­la­ry­ny ge­çir­mek üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Mu­nuň özi jem­gy­ýe­tiň ru­hy dur­mu­şyn­da wajyp äh­mi­ýe­ti bo­lan bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­na hem­me­ta­rap­la­ýyn esas­da çe­me­le­şil­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­dir.

Bu ýe­re ýyg­na­nan­lar jem­gy­ýe­tiň ru­hy sag­dyn­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, adam­la­ryň ah­lak kä­mil­li­gi­ni üp­jün et­mek ug­run­da döw­let de­re­je­sin­de edil­ýän ala­da­lar üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za ho­şal­lyk bil­di­rip, so­gap­ly iş­le­riň Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­ma­gy­ny, ýur­du­my­zyň aba­dan, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny di­leg et­di­ler.