Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik
1. LOT № 56.
Elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy üznüksiz iýmitlendiriş tok çeşmelerini (UPS) satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Adalat ministrligi.
2. LOT № 81.
Türkmenbaşy etrabyndaky başsakadan Gürje, Goşaoba obalaryna çenli suw geçirijiniň gurluşygy üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
3. LOT № 83.
Türkmenbaşy şäherindäki kuwwatlylygy 70 müň kub metr bolan lagym suwuny biologik taýdan arassalaýjy desga çenli suw geçirijiniň gurluşygy üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
4. LOT № 84.
Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň Taýly şahyr awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
5. LOT № 86.
Bereket şäheriniň 8-nji kiçi etrapçasynda elektrik geçiriji hem-de paýlaýjy enjamy gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
6. LOT № 87.
Balkanabat şäherindäki demirgazyk suw howdanyndan «Nebitçi» ýaşaýyş jaý toplumyndaky suw howdanyna çenli suw geçirijiniň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
7. LOT № 88.
Magtymguly etrabynyň Gyzyl ymam obasy üçin «Ýegen ata» çeşmesinden suw eltijiniň gurluşygy üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
8. LOT № 91.
Halaç etrabynyň obalarynyň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
9. LOT № 92.
Polietilen turbalary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
10. LOT № 93.
Welaýatyň etraplarynyň agyz suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
11. LOT № 94.
Howalandyryjy we howa sorujy enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Degişli döwlet edarasy.
Bäsleşik 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz. Resminamalar 2-nji aprele, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
Telefon belgileri: 39-46-38, 39-46-39.
Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank