Jahana ýaň salýar türkmen sporty
Ýurdumyzyň sport binýadyny ýokary derejede ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen başy başlanylan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýän beýik işleriň netijesinde häzirki wagtda ata Watanymyzyň dünýäde sportuň ösen mekany hökmünde barha belent at-abraýa mynasyp bolýandygy buýsanç bilen bellemek ýakymlydyr. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen bu ugurda halkara derejesinde Kararnamalaryň ençemesi kabul edildi. Anyk mysallara ýüzlensek Türkmenistanyň teklibi esasynda 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul edildi. Şeýle-de 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen goldanylmagy ähli halkymyzyň ýüreklerini buýsanç duýgularyna beslän şanly waka boldy. Halkara sport hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Halkara Olimpiýa Komiteti, BMG-niň Ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine sport boýunça halkara býurosy, şeýle hem bu abraýly guramanyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça halkara guramasy (ÝUNESKO), Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen gatnaşyklar ýylsaýyn giňeldilýär. Netijede sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan adam mümkinçilikleriniň doly derejede açylmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini Olimpiýa hereketiniň taglymlary bilen utgaşdyryp, bu möhüm işe ýokary ynsanperwerlik mazmunyny çaýýar.
Eziz Diýarymyzyň sport älemindäki belent at-abraýy, üstünlikleri dogrusynda söhbet açylanynda ak mermerli paýtagtymyzyň eýeleýän ähmiýetli ornuny aýratyn bellemek gerek. Aşgabat şäheriniň çäginde gysga wagtyň dowamynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän döwrebap infrastruktura döredildi. Soňky ýyllarda gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, «Aşgabat» köpugurly stadiony we beýleki döwrebap desgalar paýtagtymyzyň sportuň ösen mekanyna öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň netijesinde Aşgabat dürli görnüşli ýokary guramaçylykly, sebit we halkara derejeli ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän, dünýä sportunyň okgunly ösýän merkezi hökmünde dünýäde belent abraýa eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi ähli halkymyzda buýsanç we çuňňur kanagatlanma duýgularyny döretdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleşi ýaly, halkymyzyň buýsanjyna, tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň belent ruhuny, ösüşlerimiziň ýokary depginini aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýylymyzyň şygarynyň behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşdyrylmagynda hem çuňňur many-mazmun bardyr. Çünki halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip milli gymmatlyk derejesine ýetirilen ahalteke bedewleri bu günki gün her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolan ata Watanymyzyň üstünlikli ösüşleriniň, ýeten belent derejeleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Şanly ýylymyzda ýurdumyzyň halkara derejesinde gazanan ilkinji üstünliginiň hem ýene-de ahalteke atlary bilen baglanyşyklydygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu şanly waka mynasybetli Arkadag we Aşgabat şäherlerinde dabaraly çäreler guraldy. Ýeri gelende bellesek Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ençeme halkara oýunlarynyň ýeňijisi bolup, milli sirk sungatyny hem-de atçylyk medeniýetini Ýer ýüzüne giňden tanatdylar.
Elbetde, şanly ýylymyzyň ilkibaşdan ähli halkymyz üçin şeýle şatlykly wakalara baý bolýandygyny bellemek aýratyn ýakymlydyr. Şeýlelikde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň sport abraýynyň has-da belende galjak ýyly boljakdygyny hem buýsanç bilen aýdyp bileris. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi bilen bu günki gün sporty özüne hemişelik ýaran edinen ýaşlarymyzyň sany barha artýar. Okamaga, öwrenmäge, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga hemmetaraplaýyn mümkinçilik döredilýän ýaş türkmenistanlylar bu ugurlarda milli we halkara derejeli bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Goý, ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki sport abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň,Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Resul ANNAMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programirleme fakultetiniň talyby.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank