Synmaz ykrarly bedew
Gözel paýtagtymyz Aşgabada görk berýän keşpler sanardan köp. Paýtagtlylara we onuň myhmanlaryna ruhy gözellik paýlaýan şeýle kepleriň hatarynda hünärli elleriň gudraty bilen döreýän bedew atlaryň heýkelleri aýratyn orny eýeleýär. Şeýle heýkelleri synlanyňda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bedew atlaryň keşbini sungat äleminde döretmäge berýän giň mümkinçiliklerine bolan çäksiz hormatyň artýar. Soňky ýyllarda ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan Türkmenistan atçylyk babatda halkara maslahatlarynyň, sergileriň, atçylyk sporty boýunça dürli bäsleşikleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň özi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça atçylyk pudagyny hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bedew bilen baglanyşykly gürrüňler, atlaryň şekilini janlandyrmak, şeýle hem has şöhrat gazanan bedewleriň şanyna ýadygärlikleri oturtmak türkmen ilinde asylly däbe öwrüldi. Bedewleriň şekili çitilen halylar, bu mowzuga degişli ajaýyp surat eserleri muzeýleriň we halkara derejesinde geçirilýän sergileriň baş bezegine öwrüldi. Şonuň bilen bir hatarda bedewleriň daşdan edilen heýkelleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde oturdylyp, olar binagärligiň ajaýyp nusgasy hökmünde şäher gurşawy bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär.
Baharyň hoştap howaly günlerinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy giňden dabaralandyrylýar. Şanly sene mynasybetli giň möçberli çärelere uly orun berilýär. Şunlukda, türkmen paýtagtynyň dürli künjeklerinde oturdylan bedew şekillerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Paýtagtymyzda bedew atlaryň dürli keşbini döretmekde Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň hyzmaty aýratyn uludyr. Bu ugurda heýkeltaraş yhlas bilen işläp, uzak ýyllaryň dowamynda bedew atlaryň dürli keşbini döretdi. Geliň, ol işleriň käbirine garap geçeliň.
Halypa heýkeltaraşyň işleriniň içinde «Arkadag» binasy aýratyn orny eýeleýär. Bu heýkelde Gahryman Arkadagymyz özüniň syn-syýakly bedew atyna atlanan keşbi haýrana goýýar. Altynsöw reňkli heýkelde mähriban Arkadagymyzyň ýokary galan goluna gonan kepderi aýratyn mana eýe.
Paýtagtymyzyň keşbine görk berýän bedew atlaryň heýkelleriniň hatarynda heýkeltaraşyň 2008-nji ýylda döreden «Oguz hanyň arzuwy — halkyň agzybirligi» işini ýatlap geçmek möhümdir. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gidilýän şaýoluň çatrygynda bina edilen bu heýkelde Nesilbaşymyz suw çüwdürimli aýlawda öz nesilleriniň orta gürpünde bedew atyna atlanyp dur.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň binasynyň girelgesindäki 2011-nji ýylda döredilen bedewleriň heýkeli, 2014-nji ýylda döredilen «Polatly», 2017-nji ýylda döredilen Atly ýigidiň hem-de Atly gyzyň heýkeli, 2024-nji ýylda döredilen «Ýanardag» heýkeli hem kompozision gurluşy hem-de inçe çeperçiligi bilen ýatlarda hemişelik galýar.
Bedew atlaryň sungatdaky keşbini paýtagtymyz bilen birlikde dünýä binagärliginiň taýsyz nusgasy bolan Arkadag şäherinde hem görmek bolýar. Ol ýerdäki «Arkadag Binasy» atlandyrylan ajaýyp heýkelde Milli Liderimiz çarpaýa galan bedew atynda geljegi nazarlap barýar.
Ýurdumyzyň naýbaşy bedewleriniň hatarynda Akhan bedewi uly söýgä hem-de hormata eýedir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedewiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi atlarymyzyň deňsiz-taýsyzdygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini subut etdi. Bu bedew iki aýagynyň üstüne galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçmegi başardy. Saragt Babaýew yhlas bilen bu meşhur bedewiň heýkelini döretdi. Häzirki günde Akhan binasy Arkadag şäheriniň rowaçlygynyň nyşanydyr täze şäheriň keşbine görk berýär.
Paýtagtymyza hem-de Arkadag şäherine zynat berýän bedew atlaryň keşbi — halkymyzyň milli gymmatlyklaryna bolan çäksiz söýgüsiniň beýanydyr.
Gurbansoltan ANNADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programirleme fakultetiniň talyby.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank