Gözellik nuruna beslenýän mekan
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel paýtagtymyz uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolup, dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilik ylhamyndan, ýadawsyz zähmetinden kemal tapan gözel paýtagtymyz gaýtalanmajak binagärlik gözelligi ak mermere beslenen köpsanly täsin desgalary, gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga bürenip oturmagy bilen tapawutlanyp sebitiň merjen şäheri adyna eýe boldy. Bu gün dünýäniň nazary Aşgabatda eglenýär. Paýtagtymyzyň täsin binagärligi ýurdumyzda geçirilýän halkara derejeli maslahatlara, sergilere dünýäniň çar künjünden gelýän myhmanlarda uly täsir galdyrýar. Gözel paýtagtymyzdaky binalaryň, dynç alyş merkezleriniň, seýilgähleriň olaryň töwerekleriniň gyş gülleridir ýaşyl öwsüp oturan baglara beslenmegi ýaşaýjylaryň we myhmanlaryň göwnüni göterip, ruhy lezzet berýär.
Ak mermerli şäherimiziň Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy diňe bir paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşman, eýsem, tutuş türkmen halkynyň medeniýetiniň we aň-biliminiň aýnasy, ruhy gymmatlyklarynyň saklanýan ojagy hem bolup durýar. Bu ýerde birwagtyň özünde 1100-e golaý okyjyny kabul etmek, 6 milliondan gowrak neşirleri aýawly saklamak üçin mümkinçilikler döredilendir. Häzirki wagtda bu kaşaň bina okyjylara döwrebap hyzmat edýär. Kitaphanada hyzmat ediş, ylmy-habar beriş we sowal-jogap, daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar, oba hojalyk edebiýatlary, seýrek neşirler, sungat, medeni köpçülik işler, ylmy-usuly, kitap saklamak, metbugat neşirlerini abatlaýyş we jiltleýiş, kitaphana işine tehniki hyzmat ediş, Döwlet we jemagat kitaphanalarynyň işini utgaşdyrmak ýaly bölümler hereket edýär. Döwlet kitaphanasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň esasy düzüm bölegi bolmak bilen halkyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmakda milli ruhy gymmatlyklarymyzy saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Kitaphana Berkarar döwletimiziň taryhy, medeniýeti we häzirki ösüşleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän maglumat çeşmesidir.
Goý, ata Watanymyzy, paýtagtymyz Aşgabady ösüşleriň belent derejelerine eýe edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Nurjemal AMANOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programirleme fakultetiniň talyby.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank