TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmaga goşant

Türkmenistan möhüm sebit, sebitara we ählumumy meseleler boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary öňe sürmek bilen, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin yzygiderli işleri alyp barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolan ýurdumyz döwletleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşykly, netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge, derwaýys meseleleriň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamakda syýasy-diplomatik gurallary ilerletmäge çalyşýar. Geçen ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde öňe süren 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy hem hut şu maksatlara gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we onuň esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň ileri tutýan strategik ugry bolup durýar. Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Şunda halkara hukugyň berkidilmegi, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegi, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy esasy şertdir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ugurdaş döwlet edaralary bilen bilelikde 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlady. 18-nji fewralda bolsa bu resminamany durmuşa geçirmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi. Meýilnama dürli çäreleriň toplumynyň, şol sanda guramaçylyk-usuly, ylmy-amaly, bilim, maglumat, aragatnaşyk häsiýetli çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýan bäş esasy ugry öz içine alýar. Onuň çäklerinde halkara maslahatlar, ýaşlara niýetlenen wagyz-nesihat çäreleriniň toplumy, degişli okuw we usuly gollanmalaryň işlenip taýýarlanylmagy bellenilendir. Maglumat bilen üpjün etmegiň çäklerinde Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda ýörite bölümiň döredilmegi, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly düşündiriş häsiýetli işleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutulýar. Şunda parahatçylygy, durnuklylygy, hyzmatdaşlygy goldamagyň täsirli syýasy-hukuk guraly hökmünde Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň mümkinçiliklerini açmaga aýratyn üns berilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň öňe süren netijeli başlangyçlaryny, hususan-da, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere 23-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisinde hem garaldy. Bu ugurda esasy konwensiýalara, ylalaşyklara, beýleki resminamalara goşulyşmak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Şu maksat bilen döredilen pudagara topar tarapyndan milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek, kanunçylyga umumy ykrar edilen kadalary ornaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistan bu babatda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, Ýewropa Bileleşigi, ÝHHG ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Toparyň mejlisinde “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” ýerine ýetirilmeginiň tamamlanandygy bellenildi. 2026 — 2030-njy ýyllar üçin täze meýilnamalaryň taslamalary BMG-niň adam hukuklary boýunça şertnamalaýyn edaralarynyň tekliplerini, Ählumumy döwürleýin synyň dördünji tapgyrynyň maslahatlaryny, Durnukly ösüş maksatlaryny nazara almak esasynda taýýarlanyldy. Bularyň ählisi ýurdumyzyň parahatçylygy, durnuklylygy, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ählumumy meseleleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşýändigini tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) hem-de “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda guraljak döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk edýär.

GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerinde başlangyçly orny eýeläp, Arkalaşygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, onuň işini häzirki döwrüň zerurlyklaryna laýyklykda täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Ýurdumyz diňe bir GDA-nyň çäklerindäki ýokary derejeli duşuşyklardyr çärelere yzygiderli esasda gatnaşman, eýsem, olaryň geçirilýän merkezine hem öwrülýär. Şunda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2012-nji we 2019-njy ýyllarda-da başlyklyk edendigini nygtamak gerek. 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Arkalaşygyň sammitiniň jemleri boýunça GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama biragyzdan kabul edildi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen bu resminamada Arkalaşygyň giňişligindäki hyzmatdaşlykda toplanan tejribeler, milli we umumy bähbitleriň deňeçerligi sazlaşykly utgaşyp, özara bähbitli gatnaşyklarda ylalaşylan çemeleşmeler, ony ösdürmegiň hem-de utgaşykly işi goldamagyň ugurlary kesgitlenendir. Bu Jarnamanyň möhüm ýörelgeleri GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy ýaly Arkalaşygyň maksatnamalaýyn resminamasynyň binýadyny emele getirdi.

Şu gezekki başlyklyk etmek wezipesi barada aýdylanda, 2025-nji ýylyň oktýabrynda Duşenbede geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bilelikde çözmeli wezipeleriň gerimine doly derejede düşünip, Arkalaşykda başlyklyk etmek wezipesine jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady. Şu maksat bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny öz içine alýan, ony mundan beýläk-de depginli ösdürmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Resminama laýyklykda, sebit howpsuzlygynyň we özara ynanyşmagynyň pugtalandyrylmagyna, bitaraplyk ýörelgeleriniň ilerledilmegine, parahatçylyk dialogynyň, özara düşünişmegiň meýdançasy hökmünde GDA-nyň ornuny berkitmek maksady bilen, diplomatik gurallaryň işjeňleşdirilmegine syýasy nukdaýnazardan uly ähmiýet berildi. Ýurdumyz halkara hukugy goramak üçin tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edip, hyzmatdaş döwletlere BMG-niň çäklerinde ylalaşylan diplomatik çäreleri işläp taýýarlamagy teklip edýär.

Türkmenistan Arkalaşykda başlyklyk etmek wezipesini söwda, ykdysady, ulag, energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmek babatda ulanmagy maksat edinýär. Şunda GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy esasy ýolgörkeziji bolup durýar. Arkalaşyga agza döwletleriň logistika we infrastruktura mümkinçiliklerini doly ýüze çykarmaga uly ähmiýet bermek bilen, ýurdumyz 2027-nji ýyly «GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip edýär. Ulag geçelgelerini ösdürmek bilen bir hatarda, sebitiň dünýä giňişligindäki bäsdeşlige ukyplylygynyň häzirki möhüm şerti bolup durýan sanly ösüşe, innowasiýalar boýunça hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berilýär. Ynsanperwer ugur, şol sanda bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk, sport, ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň wajyp ugrudyr. Şeýle hyzmatdaşlyk Arkalaşygyň çäklerinde dostlukly, hoşniýetli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, halklaryň ruhy we medeni mirasyny gorap saklamagyň aýrylmaz şerti bolup durýar.

2026-njy ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda “Saglygy goramagyň ýyly” diýlip yglan edildi. Milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegi we döwrebaplaşdyrmagy, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlän Türkmenistan bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, şeýle özara gatnaşyklary GDA-nyň giňişliginde hem ilerletmegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimize Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy ýurdumyzyň bu ulgamda alyp barýan işleriniň, gazanan üstünlikleriniň ýokary baha eýedigini nobatdaky gezek tassyklan waka boldy. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyz ekologiýa, daşky gurşawy goramak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek meselelerini üns merkezinde saklaýar. Bu wezipeler Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda hem beýanyny tapdy.

Umuman, şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklygy dürli ugurlarda özara hormat goýmak, ynanyşmak, netijelilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklara itergi bermäge we mazmun taýdan baýlaşdyrmaga, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudyr. Türkmen halkyny hem-de bu ýurtlaryň halklaryny asyrlaryň dowamynda kemala gelen medeni umumylygy, dost-doganlyk gatnaşyklary, birek-biregi goldamak däpleri baglanyşdyrýar. Bu öňdengörüjilikli strategiýa eýermek bilen, Türkmenistan sebit we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri öňe sürüp, özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň uly ähmiýeti bardyr.

Azerbaýjan Respublikasynyň bu formata doly hukukly agza hökmünde goşulmagy hakyndaky başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşygynda öňe sürlüpdi. Gahryman Arkadagymyz şol duşuşykda eden çykyşynda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň hem-de özara goldawynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Bu biziň umumy taryhy, ruhy we medeni ýakynlygy bilen birleşýän doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýokary derejeli ulgamlaýyn syýasy dialogyň möhümdigine ähmiýet berýän sebit hyzmatdaşlygyna düýbünden täzeçil çemeleşmek hakynda birnäçe ýyl mundan ozal öňe süren başlangyjy häzirki wagtda wajyp ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň soňky ýyllarda geçirilen duşuşyklary munuň aýdyň güwäsidir. 2021-nji ýylyň awgustynda ýurdumyz üçünji konsultatiw duşuşygy kabul etdi. Ol “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň noýabrynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistan 2026-njy ýylda başlyklygy kabul etmek bilen, doganlyk halklaryň arasynda agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, uly göwrümli maýa goýumlar we iri halkara taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary eder. Döwlet Baştutanymyz ulag, energetika, söwda, önümçilik, tehnologiýa hyzmatdaşlygyny özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz döwrebap, köpşahaly, netijeli, durnukly ulag-logistika infrastrukturasyny döretmek babatda tagallalaryň birleşdirilmeginiň döwletlerimiziň strategik bähbitlerine laýyk gelýändigine ynam bildirdi. Energetika hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, Türkmenistan bu ugurdaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça geljekki anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda gürrüň diňe bir turba geçiriji taslamalar däl, eýsem, elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň möhümdigi barada hem barýar.

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň halkara energetika we ulag arabaglanyşygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmekde hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, sazlaşykly ugurdaş düzümleri döretmegiň ýolunda anyk ädim bolandygyny bellemek gerek. 2025-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen “Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)” hem-de “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalar şolaryň hataryndadyr.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz senagatda we obasenagat toplumynda önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegini, ýurtlarymyzyň çäklerinde dürli ugurly bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň gatnaşmagyny, serhetýaka, sebit söwdasynyň giňeldilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen bir hatarda, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak, özara düşünişmek, raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň, ekologiýa meseleleri boýunça bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyz ynsanperwer hyzmatdaşlygyň goldanylmagynyň ýurtlarymyz üçin hemişe ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

Şeýlelikde, parahatçylyk döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Bitarap Watanymyz sebit we ählumumy derejede ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalaryň, köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerinde syýasy dialogyň, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň, ynsanperwer gatnaşyklaryň ilerledilmegine uly goşant goşýar.

(TDH)