Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik
1. LOT № 3.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň binalarynda we daş-töwereginde oturdylan LED yşyklandyryjy çyralara tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.
2. LOT № 17.
Awtoulag we tehnikalar üçin ýag, ýangyç we howa süzgüçlerini (filtrleri) satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
3. LOT № 24.
Daşoguz şäheriniň köçelerindäki ýol hereketini sazlaýjy enjamlary düýpli abatlamak üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
4. LOT № 29.
Serwer enjamyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.
5. LOT № 35.
Bilim edaralaryna gerek enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.
6. LOT № 36.
Welaýatyň harby prokuraturasynyň edara binasy üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
7. LOT № 45.
Milli maglumat gözegçilik merkezine birikdirmek üçin aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti.
8. LOT № 46.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň binasynyň sowadyjy çiller enjamyna tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi.
9. LOT № 47.
Baýramaly etrabynyň Erkana geňeşligindäki elektrik geçirijiniň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
10. LOT № 48.
Baýramaly etrabynyň Erkana geňeşliginiň täze mellek ýerlerinde elektrik geçirijiniň howa ulgamyny gurmak üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
11. LOT № 51.
Farap etrabynyň Ýylmangaýa obasynyň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
12. LOT № 52.
Ministrligiň garamagyndaky tokaý zolaklary üçin gerek gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
13. LOT № 53.
Ministrlige hem-de onuň garamagyndaky ýaşaýyş jaýlaryna gerek gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
14. LOT № 64.
Tejen etrap bölüminiň edara binasynyň durkuny täzelemek we goşmaça edara binasyny gurmak üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy.
15. LOT № 65.
Gulluga degişli tokaý zolagynyň damjalaýyn suwaryş ulgamynyň gurluşygyna gerek harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
16. LOT № 68.
Tagtabazar şäheriniň elektrik geçirijisiniň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
Bäsleşik 2026-njy ýylyň 26-njy martynda sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz. Resminamalar şu ýylyň 25-nji martyna, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38.
Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank