TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilýän gününde häzirki zamanyň ösen talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede bina edilen Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mährem enelerini, gelin-gyzlaryny gutlady.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bahar paslynyň ilkinji günlerinde mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň baýramynyň — Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçilýändigini aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ruhly, päk ahlakly, çeper elli türkmen zenanlarynyň sarpasynyň belent tutulýandygyny, dürli kärde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň zähmetine uly hormat goýlup, olar üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.

Milli Liderimiz mähriban ene-mamalarymyzy, bagtyýar gelin-gyzlarymyzy, eziz uýalarymyzy, gyzjagazlary ajaýyp bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we ata-babalarymyzyň zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däpleri kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetirendiklerini nygtady. Türkmen halky ene-mamalarymyza, mähriban zenanlarymyza maşgala ojagynyň, maşgala abadançylygynyň eýesi hökmünde garap gelipdir. “Mährem enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa bolan aýratyn hormat asyrlardan aşyp, halkymyzyň asylly däpleri hökmünde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ynsana ýaşaýşy peşgeş beren ene hemişe tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen deň derejede goýulýandyr. «Ene toprak» diýlen düşünje hem ýöne ýerden dörän däldir. Şahyryň sözleri bilen aýtsak, biz enäni dünýäniň görki we durky hasaplaýarys. Eneleri begendirmek, razy etmek iň uly bagtdyr. Eneleriň ak patasy, alkyşy ýollaryňy açýan gudrat hasap edilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Halkara zenanlar gününiň baýramçylyk dabaralarynyň giňden toýlanylýandygyny belläp, Milli Liderimiz bagtyýar zenanlaryň gazanylýan ähli üstünliklere, ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda olaryň aýratyn ornunyň bardygyny nygtady. “Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada aýratyn alada edýär. Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasyny geçirýäris. Köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna ýokary amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşurylýar” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurdumyzyň zenanlaryna pul sowgatlaryny gowşurmagyň asylly däbe öwrülendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz gelin-gyzlarymyzyň Watanymyzyň owadan gül-gunçalarydygyny, öýlerimiziň bagt ýyldyzlarydygyny nygtady we zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, işlemekleri üçin mundan beýläk-de ähli zerur şertleriň dörediljekdigini tassyklady.

Milli Liderimiz ene-mamalarymyzy, gelin-gyzlarymyzy, gyzjagazlary, ähli zenanlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala ojaklarynyň abadan bolmagyny arzuw etdi.

...Soňra Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Olara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň hem gowşurylmagy bu ýerde guralan dabaranyň ähmiýetini has-da belende göterdi.

Häzirki döwürde bagtyýar çagalygyň we nurana arzuwlaryň hasyl bolýan mekany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda ýaş nesilleriň saglygyny berkitmek, olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu hakykat çagalaryň we olaryň ata-eneleriniň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan çuňňur alkyşlarynda-da öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan gowşurylan baýramçylyk sowgatlary uly buýsanç duýgulary bilen kabul edildi. Merkezde bejergi alýan çagalar belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

(TDH)