TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Şanly senäniň hormatyna

Ýurdumyzda bahar paslynyň ilkinji günleri Halkara zenanlar güni mynasybetli guralýan dabaralara beslenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirýän dabaralar mährem enelere, gelin-gyzlara döwlet derejesinde goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýar gelin-gyzlarynyň hormatyna bu nurana baýrama bagyşlanyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde guralýan dabaralar zenanlaryň eziz Watanymyza bolan söýgüsini, eşretli durmuşa, bagtyýar döwrümize buýsanjyny has-da artdyrýar. Ähli ulgamlarda zähmet çekýän gelin-gyzlara, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara, talyp gelin-gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, ýokary okuw mekdeplerinde okaýan gyzlaryň arasynda guralýan “Talyp gözeli” bäsleşiginiň jeminiň jemlenilmegi, dabaraly maslahatlaryň, aýdym-sazly çäreleriň geçirilmegi bu şanly senäniň giňden bellenilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Dabaraly maslahatlardaky çykyşlarda nygtalyşy ýaly, merdana zenanlar maşgalanyň daýanjydyr, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklaryň ýaraşygydyr. Watanymyzda zenanlara uly sarpa goýulmagy, olaryň mertebesiniň belent tutulmagy gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň güwäsidir. Halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgelerine laýyk gelýän gelin-gyzlara hormat goýmak däbi bedew bady bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda has-da kämilleşdirilýär. Dürli döwürleridir nesilleri baglanyşdyran ýörelgeleriň dowamata atarylmagy ugrunda döwlet derejesinde tagalla edilýär.

Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki, welaýatlardaky seýilgählerde, medeni-bilim ojaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, çeperçilik sergileri, bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary guralýar. Munuň özi Watanymyzyň at-abraýynyň belende göterilmegine mynasyp goşant goşýan gelin-gyzlaryň mertebesiniň hemişe belent tutulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan üstünlikleri we beýleki ugurlar boýunça çekýän yhlasly zähmeti nazara alnyp, öňdebaryjy zenanlary “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglamak, köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak, köp çagaly maşgalalara täze, döwrebap jaýlaryň açarlaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da bu ýörelgeleriň dowam etdirilmegi zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna, ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda edýän tagallalaryna berilýän mynasyp bahadyr. Halkara zenanlar gününiň hormatyna guralýan çärelerde tutuş halkymyzyň mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza bolan buýsanjy, söýgüsi öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde gelin-gyzlarymyz watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk ýaly türkmen zenanlaryna mahsus häsiýetleri baýdak edinip, bu ýörelgeleriň kämilleşdirilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu bolsa olaryň jemgyýetde eýeleýän ornunyň pugtalanmagyny şertlendirýär.

Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän giň möçberli çäreler, aýdym-sazly dabaralar göwünleri joşdurýan, kalplary galkyndyrýan ajaýyp pursatlary özünde jemleýär. Belent ruha beslenen aýdym-sazlarda gelin-gyzlara goýulýan hormat, zenan mertebesiniň belentligi, eneleriň mähriban Watanymyza, halkymyza bolan çuňňur söýgüsi öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde, gazanylýan uly üstünliklerde eneleriň, gelin-gyzlaryň mynasyp paýynyň bardygyny bellemek gerek. Olar jemgyýetimizde düýpli özgertmeleri amala aşyrmak, kabul edilýän maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda döredijilikli we tutanýerli zähmet çekýärler. Gelin-gyzlaryň asylly zähmetine döwlet derejesinde mynasyp baha berilýär. Olaryň yhlasly zähmeti, jöwher zehini bilen dörän, amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgalary hökmünde ykrar edilen milli halyçylyk hem-de keşdeçilik sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi müňýyllyklardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrýar.

Şanly sene mynasybetli guralan çäreleriň hatarynda zenan mertebesini açyp görkezýän sergiler hem ýaýbaňlandyrylýar. Suratkeşleriň zehininden dörän sungat eserleri ýurdumyzda gelin-gyzlaryň el hünärine, asylly zähmetine, nesilleri terbiýelemekde edýän tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň subutnamasydyr. Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralara gatnaşyjylar ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna geçirilýän çärelere gatnaşmak, gelin-gyzlara aýdylýan hoşniýetli arzuwlara goşulmak ugrunda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny beýan edýärler.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi esasynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri ornaşdyrylýar. Halkymyzyň taryhyň dowamynda kemala getiren milli gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagyna, döwrüň ruhuna laýyklykda baýlaşdyrylmagyna, geljek nesillere ýetirilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde zenanlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň üpjün edilmegi, maşgalany, eneligi, çagalygy goramak jemgyýetde durnukly ösüşiň möhüm şertini emele getirýär. Bu işleriň ählisi zenanlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgesiniň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýar.

Sahawatly türkmen topragynyň, ajaýyp tebigatyň janlanýan günlerinde giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň dabaralary tutuş ýurdumyzy gurşap alýar.

(TDH)