Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Türkmengalanyň ýüplük üçin kagyz tegeklerini öndürýän fabrigine döwrebap enjamlar toplumyny satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça arza bermeli;
— tehniki tabşyrygy we bäsleşik resminamalaryny almaly;
— bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin degişli pul tölegini tölemeli.
Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.
Teklipler şu bildiriş çap edilenden soň, 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Bellik: Ofşor zonalarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalardan teklipler kabul edilmeýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-71-77, 40-71-57, 40-70-10.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank