
Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda
Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi açyldy, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi we işewürlik maslahaty geçirildi.
Gözden geçirilişe gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly topar, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň 100-e golaýynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri Aşgabada geldiler. Öz mümkinçiliklerini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny Türkmenistanda ilkinji gezek tanyşdyrýan kompaniýalar sergä gatnaşyjylaryň agramly bölegini düzýär. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň köpugurly ykdysady kuwwaty barada oňat habarlydyrlar we hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.
Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de işewürler gatnaşdylar. Ýaş skripkaçylaryň we ýurdumyzyň meşhur tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy nygtalýar. “Türkiýäniň kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp barmak bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar we işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýärler” diýlip, Gutlagda bellenilýär.
Forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden türk wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Türkmenistanda maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak we gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly, Türkiýäniň ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmaga taýýardygyny mälim etdi.
Köpugurly sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy — senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri görkezilýär. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda elektrik energetika enjamlaryny öndürmäge ýöriteleşen «Elte Pano», «Hasçelik Kablo», ýangyn söndüriji enjamlary öndürýän «Duyar Vana Makina», gurluşykda öňdebaryjy «Rönesans», «Gap Inşaat» ýaly kompaniýalar bar. Gurluşyk serişdeleri bölüminde penjireleri we gapylary öndürýän «Çelik Kapi», «Emka Metal Çelik», diwarlar we üçekler üçin izolýasiýa serişdelerinden taýýarlanylan panelleri öndürýän «Assan Panel» hem-de profilleri öndürýän «Hilal Alüminium» kompaniýalary bar. «A.O.Smith» kompaniýasynyň diwarlygy suw üpjünçilik, lagym we suwaryş, agyz suwy minerallaşdyrmak ulgamlary bilen tanyşdyrýar. «Ahi carrier fzc», «Frigo Mekanik», «Aldag» kompaniýalary sowadyjylary we azyk önümlerini saklamak hem-de doňdurmak üçin tehnikalary görkezýär.
Sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalaryň hatarynda ýyladyşhana toplumlary üçin enjamlarydyr düzümleri öndürmäge we ibermäge ýöriteleşen kompaniýalaryň bardygyny hem bellemelidiris. Bu ýerde “Sera marketim”, “Dagdelen”, “Mehmet Özen” hususy kärhanalary ilkinji gezek önümlerini görkezýärler. «Feta», «Interlab Lab. Ürünleri» we «Dogrular Ev Ürünleri» kompaniýalary çagalar baglaryny hem-de mekdepleri, ýaşaýyş jaýlaryny enjamlaşdyrmak ulgamynda teklipleri bilen çykyş edýärler. Ýurdumyzda meşhurlykdan peýdalanýan öý hojalyk tehnikalaryny we aşhana enjamlaryny öndürijileriň diwarlyklary sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Olar sowadyjylaryň, egin-eşik ýuwujy maşynlaryň, bug peçleriniň, suw gaýnadyjylaryň we gyzdyryjylaryň, elektrik enjamlaryň hem-de beýlekileriň iň täze görnüşlerini öz içine alýar.
Dokma önümleriniň diwarlygy diňe bir türk öndürijileriniň kuwwatlyklaryny, öndürilýän önümleriň baý görnüşlerini we aýratynlyklaryny açyp görkezmäge giň şertleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen hyzmatdaşlary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga-da mümkinçilik berdi. Degişli önüm öndürijilerdir kärhanalar bilen birlikde, Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň we Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň hem gatnaşmagy dostlukly döwletiň eksport harytlarynyň sergisiniň aýratynlygy boldy.
Ýöriteleşdirilen sergi köp ýyllardan bäri türk öndürijileri tarapyndan öndürilýän önümleriň giň ugurlaryny açyp görkezmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary alyşmak üçin netijeli meýdança boldy. Iki dostlukly ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen forum ösüş mümkinçiliklerini, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga, kärhanalary tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga, iň häzirki zaman önümçiliklerini kemala getirmäge esaslanýan türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň binýadynda maýa goýum-innowasiýa hyzmatdaşlygynyň geljegini hasaba almak bilen, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly maksatnamalary we ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, türkmen kärdeşleri bilen köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplan iri türk kompaniýalary, ilkinji nobatda, gurluşyk senagatynda, energetika, himiýa we dokma pudaklarynda, oba hojalygynda, azyk senagatynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler. Munuň şeýledigine ozal ýerine ýetirilen, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän onlarça bilelikdäki taslamalar, haryt dolanyşygynyň okgunly ösüşi hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Köp sanly gatnaşyjylar — kompaniýalaryň we degişli pudak edaralarynyň, hususy işewür düzümleriň wekilleri türk öndürijileriniň sergide görkezýän önümleriniň görnüşleri, işläp taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşdylar.
Sergi öz işini dowam edýär.
***
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri, sebit we köptaraplaýyn meseleler, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisiniň Teswirnamasy esasynda kabul edilen iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar.
Şu gezekki mejlisi geçirmäge döredilen mümkinçilik we mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna çuňňur hoşallyk sözlerini beýan eden türk wekiliýetiniň ýolbaşçysy nobatdaky duşuşygyň netijeleriniň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dost-doganlyk, düşünişmek we ýakyndan özara goldamak esasynda işjeň ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Häzirki döwürde köpugurly türkmen-türk gatnaşyklary ähli ugurlarda ýokary derejede ösdürilýär. Iki döwlet üçin hem ähmiýetli bolan söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat, tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, şähergurluşyk, oba hojalyk we sport ulgamlary özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisiniň çäklerinde energetika ulgamynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaldy. Hususan-da, taraplar türkmen tebigy gazyny Türkiýä ibermegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Türkiýä ibermek taslamasynyň ähmiýeti nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň tebigy serişdeler binýady gyzyklanma bildirýän ýurtlary we sebitleri energiýa serişdeleri bilen doly derejede üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şunda “Galkynyş” gaz känine möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň soňky ýyllarda döreden gaz infrastrukturasy Türkmenistana öz tebigy gazyny günbatar ugry boýunça uly möçberde ibermäge giň mümkinçilik berýär. Beýan edilenlerden ugur alnyp, ýokarda ady agzalan taslamanyň geljeginiň uludygy bellenildi we taraplar ýakyn wagtda ugurdaş edaralaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmäge girişmegi ylalaşdylar.
Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň köpasyrlyk ýakyn gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydyklaryny beýan edip, toparyň agzalary geljegi uly ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleri bellediler. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň wekilleriniň guralýan halkara maslahatlara we beýleki forumlara gatnaşmaklary hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam eder. Mejlise gatnaşyjylar şu gezekki duşuşygyň dowamynda kabul edilen çözgütleriň iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbitlerine hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
***
Şu gün geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň esasy meselesi geljek üçin ägirt uly mümkinçilikleri hasaba almak arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy. Forumy açmak bilen, oňa gatnaşyjylar okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň nukdaýnazaryndan çäräniň möhüm ähmiýetini bellediler. Bu gatnaşyklar soňky ýyllarda üsti ýetirilýän täze mazmun bilen hil taýdan depginli ösüşe eýe boldy. Nygtalyşy ýaly, şeýle işewürlik duşuşyklary ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Munuň şeýledigine iki ýurduň arasynda yzygiderli artýan söwda dolanyşygynyň möçberi hem şaýatlyk edýär.
Çykyş edenler şu güne çenli gazanylan ylalaşyklaryň uzak möhletleýin esasda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar. Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Seljuk Öztürk gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürde demir ýol, awtomobil ýollary we energiýa geçirijileriniň giň ulgamy arkaly ösdürilýändigine ünsi çekdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, bu ýoluň hil taýdan täze derejesi ony özara alyşmagyň köprüsine, sebiti möhüm ähmiýetli söwda merkezine öwrer.
Daşary ykdysady aragatnaşyklar geňeşiniň çäklerinde hereket edýän “Türkiýe — Türkmenistan” işewürlik geňeşiniň başlygy Mahmut Er iki ýurduň işewür toparlaryny bir ýere jemlän şu günki çäräniň tutuşlygyna işewürlik dünýäsi üçin möhüm ähmiýetlidigini belledi. Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygyň binýadyny yzygiderli pugtalandyrýar. Soňky ýyllarda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda iri bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyryldy we häzirki wagtda täzeleri durmuşa geçirilýär. Geljegi uly, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ýokary gyzyklanmalaryny beýan etmek bilen, türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýän maýa goýum taslamalaryna has işjeň gatnaşmak isleýändiklerini mälim etdiler.
«Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk iki dostlukly ýurduň işewür wekilleriniň özara bähbitli söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri netijeli ulanjakdyklaryny nygtady.
Türkmen tarapynyň wekilleri çykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we gazananlary, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak arkaly hyzmatdaşlygyň geljegi barada durup geçdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýyny häsiýetlendirýän görkezijiler ony ulgamlaýyn esasda has-da ösdürmegiň ýörelgelerine berk esaslanmak bilen, örän özüne çekiji bolup durýar. Ykdysady ösüşiň uly kuwwatlyklary nebitgaz, ulag, gurluşyk, himiýa, energetika we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda, durmuş ulgamynda ägirt uly özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmäge şert döredýär. Bu, gürrüňsiz, türkmen ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagy çaltlandyrmak, ilatynyň durmuş derejesi ýokary görkezijilere eýe bolan döwlet hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan maksatlara ýetmäge mümkinçilik berýär.
Giň gerimli özgertmeleriň, maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, ähli ulgamlarda we pudaklarda halkara tejribäniň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylmagy milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş derejesini üpjün edýär. Ýurdumyzda ähli ulgamlarda, şol sanda kanunçylyk ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, daşary ýurtly işewürler üçin döwlet kepilligini we ýeňillikleri göz öňünde tutýan täze kanunlaryň işlenilip taýýarlanylmagy bilelikdäki işlere uly itergi berýär. Pikir alyşmalaryň dowamynda, çykyş edenler ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny beýan edip, onuň geljegine oňyn baha berdiler.
Işewürlik maslahatynyň çäklerinde türkmen we türk işewürleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim ätmekde uly mümkinçilikleri döretjek resminamalara gol çekildi.
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň türk kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynda bilelikdäki taslamalar, özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.