TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Aşgabat, 4-nji awgust (TDH). Şu gün “Arkadag” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew dostlarça salamlaşyp, ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler hem-de “Bedewler” zalyna bardylar. Bu ýerde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, sammite gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin özbek kärdeşine minnetdarlygyny beýan etdi. Şu günki ýokary derejedäki duşuşyk gün tertibine girizilen derwaýys meseleler bilen baglylykda, taryhy ähmiýetli waka bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we kabul ediljek çözgütleriň üç doganlyk ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew mähirli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, duşuşygyň möhümdigini nygtady. Sammitiň netijeleri ynanyşmaga, deňhukuklylyga, milli bähbitlere esaslanýan “Özbegistan — Türkmenistan — Täjigistan” görnüşindäki netijeli hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde söhbetdeşler taraplaryň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyny, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini maksat edinýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan hem-de Özbegistan ikitaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklaryny işjeň ösdürýärler, iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň ýakyn bolmagy, häzirki döwrüň meselelerini çözmekde işjeň orny eýelemekleri halklarymyzy baglanyşdyrýan ynanyşmak we hormat goýmak gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki hökümetara toparyň işi, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli esasda geçirilýän geňeşmeler, işewürlik duşuşyklary we dürli forumlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär.

Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat kooperasiýasy ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki işi dowam etdirmegiň maksat edinilýändigi tassyklanyldy. Suw hojalygy we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns çekildi.

Özbek Lideri sebitara alyşmalary pugtalandyrmagyň, serhetýaka welaýatlaryň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny aýdyp, döwrebap düzümli serhetýaka zolagyny döretmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ähmiýetini belledi. Munuň özi haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna, işewürlik gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, iki ýurduň sebitlerinde täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam eder. Şunuň bilen birlikde, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.

Goňşy ýurduň Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň strategik ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen netijeli syýasatyna ýokary baha berip, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy goldamak ugrunda Özbegistanyň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda dostlukly ýurduň döwlet Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen şu gün geçirilen duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Duşuşygyň barşynda özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada düýpli pikir alşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewi ýakynda geçen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen ýene-de bir gezek gutlady we jogapkärli döwlet işinde üstünlik, doganlyk özbek halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Öz nobatynda, belent mertebeli myhman gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Özbegistanyň Türkmenistan bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagy göz öňünde tutýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew iki dostlukly ýurduň döwlet bähbitlerine hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli dialogyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine berk ynam bildirdiler.