Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa 2025-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyna pul baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyňyzdan gözbaş alýan başlangyçlaryňyz, ýurdumyzyň röwşen geljegi ugrunda amala aşyrýan beýik işleriňiz, parasatly, öňdengörüjilikli döwlet syýasatyňyz netijesinde halkymyzyň durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Özgertmeleriň, ägirt uly ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda toýlar toýa ulaşyp, döredijilikli zähmet gaýnap joşýar. Bu gün ýurdumyzyň her bir raýaty bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçen 2025-nji ýyl hem döwletimiziň şanly senenamasyna uly zähmet ýeňişleriniň, ajaýyp ösüşleriň gazanylan ýyly hökmünde altyn harplar bilen ýazyldy. Halkymyz ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny ruhubelentlikde baýram etdi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň senagat, ýangyç-energetika, oba hojalyk, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlary ägirt uly ösüşlere beslendi.
2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edilip, hemişelik Bitaraplyk derejämiz üçünji gezek ykrar edildi. Siziň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda daşary syýasatda ýetilen belent sepgitler, halkara hyzmatdaşlykda gazanylan tejribeler, dünýäde parahatçylygy, dostlugy, ynanyşmagy pugtalandyrmakda Bitaraplygymyzyň häzirki hem-de geljekki mümkinçilikleri barada söz açýan «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyňyzyň neşir edilmegi baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy.
Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edilendigi baradaky hoş habar welaýatyň agzybir ýaşaýjylary tarapyndan uly şatlyk, buýsanç bilen kabul edilip, merdana halkymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy beýik özgertmeleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Size bolan hormat-sarpasyny, söýgüsini has-da artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz!
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan etrap hökmünde ýeňiji diýlip yglan edilmegi hem-de etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylmagy mynasybetli Size welaýatyň ähli agzybir we zähmetsöýer ilatynyň adyndan çäksiz alkyş aýdýarys.
Mertebesi belent Prezidentimiz!
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz, Siziň taýsyz tagallalaryňyz netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Köneürgenç etrabynda hem ýaşaýyş-durmuş, medeni maksatly desgalaryň köp sanlysy guruldy hem-de gurulmagy dowam edýär. Ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak, medeni derejesini ýokarlandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda etrabyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde gurlan täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň dabaraly açylmagynyň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Siziň Şa serpaýyňyz etrabyň ilatyny täze üstünliklere, belent sepgitlere ýetmäge, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bellenilýän şanly ýyly ýokary zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmaga ruhlandyrýar.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanyp, bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilmegi mynasybetli etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglandygyňyz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende galmagy ugrunda alyp barýan beýik işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
2025-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyna pul baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahata gatnaşyjylar.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank