Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gitanas Nauseda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Litwa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank