TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabatda guralan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň gerimli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanda halkara tejribeleri öwrenmek, maýa goýumlary çekmek we durmuş-ykdysady pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Döwrebap tejribäni ornaşdyrmakda Türkmenistanda geçirilýän halkara sergileriň, şol sanda däbe öwrülen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň mynasyp goşandy bardyr. Iki dostlukly döwletiň işewürleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigi hem munuň şeýledigine güwä geçýär.

Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkiýe Respublikasynda dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalaryň öz öndürýän önümleriniň görkezilişini ýaýbaňlandyrmaklary hem-de türkmenistanly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaklary bu giň gerimli çäräniň özenini düzdi. Sergä gatnaşan kompaniýalaryň diwarlyklary, geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda bar bolan mümkinçilikleri açyp görkezdi.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň alyp barýan daşary ykdysady syýasatyňyzyň netijesinde Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze sepgitlere ýetilýär. Iki dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda sergileriň we bilelikdäki maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi we ägirt uly mümkinçilikleri, ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň gazananlary, şeýle-de işewürleriň özara hereketleri ösdürmäge gyzyklanmalary köpugurly gatnaşyklary ilerletmegiň täze gözýetimlerini açýar. Serginiň çäginde iki döwletiň degişli düzümleriniň hünärmenleriniň arasynda geçirilen duşuşyklaryň, öňe sürlen tekliplerdir pikir alyşmalaryň hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze ädimlere badalga berjekdigine ynanýarys.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Goldawlaryňyz esasynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň üstünlikli geçirilendigini nygtamak bilen, Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda alyp barýan işleriňizde hemişe üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylar.