Geografiýa dünýäni öwrenýär
Geografiýa diňe döwletleriň, şäherleriň ýerleşýän ýerini, adyny aňlatman, eýsem, dünýäde nähili üýtgeşmeleriň bolup geçýändigini hem öwredýän iň gadymy we gyzykly ylymlaryň biridir. «Geografiýa» sözi grek dilinden terjime edilende «ýeriň ýüzüni ýazyp beýan etmek» diýmegi aňladýar. Şu günki günde geografiýany bilmek her bir ynsan üçin zerurdyr. Bu ylmy bilmegiň ähmiýeti örän uludyr. Ýer ýüzündäki ekologik meseleleri we olaryň çözgütlerini tapmakda geografiýa ylmy esasy orun eýeleýär. Ekologiýa älem bilen baglanyşykly planetamyzyň Gün ulgamyndaky ornuny we pasyllaryň çalyşmagy ýaly astronomik hadysalary hem düşündirýär. Global düşünje bolsa dünýä halklarynyň medeniýetini, ýaşaýyş şertlerini we özara gatnaşyklaryny öwrenmek arkaly dünýägaraýşymyzy giňeldýär.
Şunda geografiýa bu geljegiň açarydyr. Dünýäni bilmezden, ony gorap we ösdürip bolmaz. Bu ylym bize diňe bir geografik nokatlary däl, eýsem, tebigat bilen ynsanyň arasyndaky sazlaşygy hem öwredýär. Sanly tehnologiýalaryň we GPS ulgamlarynyň ösen döwründe-de, bu ylym öz ähmiýetini ýitirmän, täze gözlegler bilen baýlaşmagyny dowam edýär. Netijede, geografiýa geçmişiň tejribesini, şu günüň ýagdaýyny we geljegiň mümkinçiliklerini birleşdirýän bitewi ulgam bolup durýar. Şonuň üçin hem geografiýany öwrenmek baky dowam etjek iň gyzykly syýahatdyr. Beýik ösüşler ýurdumyzy dünýä meşhur edýän ýaş mugallymlara öwrenmäge, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Kuwwat HOJALYÝEW,
Magtymguly etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank