TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Bütindünýä sirk federasiýasynyň we Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlaglarda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli atşynaslyk däplerini ösdürmek we giňden wagyz etmek, behişdi bedewlerimiziň arassa ganlylygyny gorap saklamak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy bellenilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünligi hem munuň aýdyň güwäsidir. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine alyp barýan tutumly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Amanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, M.Çakyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Orazdurdyýewa, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Hormatly Prezidentimize şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)