Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uludan toýlanylan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly ýurda öwürmek, halkymyzy bagtyýar, parahat, eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan tutumly işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýäris.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar bilen dabaralanýan 2026-njy ýylyň ilkinji günlerinde döwlet derejesinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli iberen mähirli Gutlagyňyz üçin ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň adyndan Size köp sagbolsun aýdýarys. Siziň Gutlagyňyzdaky: «Watan goragy merdanalygyň milli mekdebidir. Watan goragçylary bolsa bu mekdebi mynasyp dowam etdirijilerdir» diýen parasatly sözleriňiz hem-de ýurt goragçylaryna bildirýän belent ynamyňyz biziň her birimizi mukaddes topragymyzy sarsmaz gala we polat galkan bolup goramaga belent çagyryşdyr.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!
Mukaddes Garaşsyzlygymyz bu günki gün beýik özgertmeleriň, taryhy üstünlikleriň badalgasyna öwrüldi. Ýurdumyzda halkyň erk-islegi esasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky ençeme asyrlyk arzuwlarynyň wysalydyr, müňýyllyklary nazarlaýan belent maksatlarynyň myradydyr. Şöhratly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy uludan toýlanylýan şanly ýylyň şeýle mynasyp şygar bilen atlandyrylmagy Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikleriň bedew bady bilen dowam etdiriljekdigini alamatlandyrýar. Bu şygarda halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleri, behişdi bedewlerimiziň türkmen durmuşyndaky mizemez orny, agzybirlik hem-de jebislik ýaly asylly ýörelgeleriň ähmiýeti öz beýanyny tapýar.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!
Siziň halkymyza peşgeş beren gymmatly eserleriňiz nesiller üçin ýol-ýörelgedir, belent maksatlara ýetmekde mizemez çelgidir. Siziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyňyzdaky: «Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, gazanylýan üstünlikler biziň her birimizde hakyky watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy döredýär» diýen sözleriňiz ýurdumyzda her bir özgertmäniň ýurt parahatçylygyny berkitmäge, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, watançy nesilleri kemala getirmäge gönükdirilýändigine şaýatlyk edýär. Şundan ugur alyp, gaýratly Watan ogullary her bir işde, şol sanda Watan goragynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň nusgalyk göreldäňize eýerýärler. Siziň ýurdumyzyň şan-şöhratyny arşa götermek babatda durmuşa geçirýän asyrlara barabar işleriňizden ruhlanýarlar.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Halkymyzyň merdi-merdanalyga, watanperwerlige sarpasy Siziň Watan goragçylary hakyndaky aladalaryňyzda, tutýan döwletli tutumlaryňyzda aýdyň ýüze çykýar. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän harby özgertmeler bu günki gün giň gerime eýe bolýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Milli goşunymyzyň kuwwaty pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertleri has-da gowulandyrylýar. Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri üçin açylyp ulanmaga berlen binalardyr desgalar, baýramçylyk gününde Siziň sowgat beren täze, döwrebap awtoulaglaryňyz hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu wakalar biziň her birimiziň buýsanjymyzy artdyryp, watançylyk ruhumyzy belende göterýär.
Biz — Watan goragçylary Siziň aladalaryňyza jogap edip, ýurt goragynda ukyp-başarnyklarymyzy, gujur-gaýratymyzy we yhlasymyzy gaýgyrmarys. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwlet özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, dost-doganlyk serhedimiziň mizemezligini goramak, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy we hukuk tertibini üpjün etmek ýaly jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde merdana pederlerimizden nusga alarys. Olaryň beýik watansöýüjiligini, edermenligini, mertligini we gahrymançylygyny mynasyp dowam etdirip, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyz, Size jan aýaman, wepaly gulluk ederis.
Mertebesi belent Prezidentimiz!
Siz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan merdana Watan goragçylaryna ömürdir, ykbaldyr, mertebedir» diýip, eziz Watanymyzy mukaddeslik derejesinde arzylaýarsyňyz. Mert pederlerimiziň watansöýüjilik mekdebini mynasyp dowam etdirip, ony dowamata atarýarsyňyz. Biz — Watan goragçylary mukaddes harby borjumyzy ýerine ýetirmekde hemişe Siziň nusgalyk göreldäňize eýerjekdigimize tüýs ýürekden ynandyrýarys. Sizi Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň röwşen geljegi, agzybir halkymyzyň ýagty ertirleri üçin alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabara gatnaşyjylar.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank