
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara aýratyn üns berilýändigini belläp, onuň geljekde-de halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň bähbidine alyp barýan ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
(TDH)