TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilen ykdysady foruma gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda SPECA hepdeliginiň çäklerinde Aşgabatda geçirilen ykdysady foruma gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň alyp barýan daşary syýasatyňyzyň esasy ugurlarynyň biri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etdi. 2026-njy ýylyň 20 — 23-nji ýanwarynda hem SPECA hepdeligi ýaýbaňlandyryldy. Hepdeligiň çäklerinde suw, energiýa serişdeleri, daşky gurşaw, durnukly ulag, üstaşyr we arabaglanyşyk boýunça iş toparlarynyň duşuşyklary, ykdysady forum ýokary derejede geçirildi.

Siziň öňdengörüjilikli syýasatyňyzyň netijesinde durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligindäki, okgunly ösýän döwletleriň hataryndaky mynasyp ornuny kesgitleýär. Ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen tutumly işler ýurduň ösüşiniň täze, döwrebap nusgasyny kemala getirdi.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Türkmenistan SPЕCA-da başlyklyk eden döwründe harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa goýumlaryň we innowasiýalaryň netijeli sebit bazaryny döretmäge gönükdirilen teklipleri öňe sürdi. Ýokary derejeli SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilen giň möçberli çäreler daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň, işewürleriň, halkara maliýe-bank düzümleriniň, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, telekeçileriniň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge, durmuşyň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş, täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, ýurduň maýa goýum kuwwaty, sanly üpjünçilik ulgamy, innowasion tehnologiýalar bilen baglanyşykly meselelerde özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi.

Hepdeligiň dowamynda SPECA agza döwletleriň Merkezi Aziýadaky energiýa ulgamynyň durnuklylygy we energiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak barada öňe süren teklipleri durnukly ösüşi üpjün etmekde, «ýaşyl» energetikany üstünlikli durmuşa ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri açar. Durmuş-ykdysady ösüş, daşky gurşaw we ekologik abadançylyk ulgamlarynda uzak möhletleýin ösüşi gazanmak üçin has oňaýly şertleri döretmek ugrunda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilip, özara pikir alşylmagy, tejribeleriň paýlaşylmagy bu forumyň möhüm ähmiýete eýe bolandygynyň aýdyň güwäsidir.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

SPECA hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forumyň üstünlikli geçirilmegi bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de bu forumyň ýokary derejede geçirilmegine beren hemaýat-goldawlaryňyz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Size berk jan saglyk, uzak ömür, dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilen ykdysady foruma gatnaşyjylar.